Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HARMANYŇYZA BEREKET, MÄHRIBAN PAGTAÇYLAR!

Welaýatymyzyň edermen pagtaçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 28 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bereketli pagta hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiz: “Biz Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň işini düýpli kämilleşdirmek bilen, pagtaçylykda giň özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Oba hojalygynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy netijesinde pagtaçy daýhanlarymyz üçin döwletimiz tarapyndan zerur bolan ýeňillikli şertler döredilýär. Bu mümkinçilikleriň ählisi daýhanyň we döwletiň bähbidini goramaga gönükdirilendir” diýip belleýär. Kärendeçileriň suw, tohum we dökün, oba hojalyk tehnikalary bilen ýeterlik üpjün edilmegi, pagtanyň döwlet satyn alnyş bahasynyň ýokarlandyrylmagy, tohum, tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, himiki serişdeler üçin çykdajylaryň deň ýarysyny döwletiň tölemegi, döwlete tabşyrylýan pagta hasyly üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi üstünligiň gözbaşydyr.

Daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak örän jogapkärli wezipe. Gowaça meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz we öz wagtynda ýygnalmagy, ýygymyň öňüsyrasyndaky ýagdaýyna, gowaçaly meýdanlaryň ýygyma taýýarlanyşyna, howa şertlerine, pagta ýygýan kombaýnlaryň tehniki taýdan guratlygyna, umuman, bu möhüm çäräni geçirmegiň guramaçylyk derejesine baglydyr.

Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, pagta ýygymyna gatnaşjak mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Pagta ýygýan kombaýnlar, hasyl daşaýan ulaglar wagtynda gözden geçirilip, abatlanyp, meýdançalarda taýýarlyk hatarynda goýuldy. Pagta ýygymy möwsüminde hasyly ýitgisiz daşamaklyga niýetlenip, awtoulaglaryň, traktorlaryň we tirkegleriň 1550-sini işletmek meýilleşdirilýär. Welaýatymyzyň çäginde bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy, harmanhanalaryň 38-si möwsüme doly taýýarlanyldy. Harmanhanalarda ýygnalan hasyly gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmek ýola goýlar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda edermen pagtaçylarymyzyň ösdürilip ýetişdirilen, milli baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýandygyny aýtdy.

Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyny “Bissimilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda pagta ýygymyna girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Geňeşleriň arçynlary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, agronomlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahaty welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Häkim welaýatymyzyň merdana kärendeçileriniň rowaçlyk ýylynda 165 müň gektar meýdanda bereketli gowaça hasylynyň ýetişdirilendigini belledi. Ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmäge ähli tarapdan taýýarlykly gelnendigini nygtady.

Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiziň bereketli hasyl ýetişdirmekde pagtaçy kärendeçilere ýeňillikler, hemaýat-goldawlar bermegi, öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýändigi, şeýle hem pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berendigi üçin milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýtdy.

Maslahatda Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Şamyrat Welmyradow, welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, Garagum etrabynyň “Garagum kanaly” daýhan birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Berdi Amanow, Oguzhan etrabynyň “Garaşsyzlyk” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öwez Gulow çykyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlaryndan, oba hojalygyny özgertmek babatda kabul edilen resminamalardan ruhlanýan welaýatymyzyň “ak altyn” ussatlary gowaçanyň boldumly hasylyny ýetişdirdiler. Pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi. Möwsüme guramaçylykly başlamaga hem-de netijeli jemlemäge pagtaçylar bilen birlikde obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň öňünde hem wajyp wezipeler durýar. Pagtaçylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, pagta ýygymyny depginli geçirmek üçin ähli amatlyklar dörediler. Tehnikalaryň — pagta ýygyjy kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi göz öňünde tutulyp, abatlaýjy ussalary, hünärmenleri, ýöriteleşdirilen awtomaşynlary, kebşirleýjileri we beýleki zerur gerek bolan serişdeleri özünde jemleýän tehniki hyzmat ediş toparlar döredildi. Pagta ýygymynda hereket etjek traktorlara we kombaýnlara ýöriteleşdirilen ýangyç guýujy ulaglar arkaly iş üstünde ýangyç guýlar. Ýene-de möhüm çäreleriň biri — pagtasy kombaýnlar bilen ýygnaljak gowaça meýdanlaryny ýygyma taýýarlamak. Atyzyň içindäki çildir ýaplary ýykmaly, kombaýnlaryň öwrüm zolaklaryny tekizlemeli. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek maksady bilen defoliýasiýa çärelerini ýokary hilli geçirmeli. Şular hem-de beýleki wezipeler barada — pagta ýygymyna girişmek we netijeli geçirmek dogrusynda maslahatda çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler, Arkadag Prezidentimize alkyşly sözler aýtdylar.

Rowaçlyk ýylynyň pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanyp, Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň “ak altyna” beslenen gowaça meýdanynda toý dabarasy boldy. Dabaraly çärä gatnaşyjylar atyzyň gyrasyndaky toýhana ýygnandylar. Bezemen gurnalan ak öýleriň toplumy, olaryň gapdalynda ýerleşýän el işleri bilen meşgullanýan gelin-gyzlar, elleri dutardyr gyjakly bagşy-sazandalar, asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, daş-töweregi “ak altyn” bilen jäheklenen bezemen sahna toýhananyň görküne görk goşýar.

Bu ýere ýygnanan oba hojalyk işgärleri, ak sakgally gojalar, mährem eneler atyzyň gyrasynda hatara ýerleşdirilen täze tehnikalara — kombaýnlara, dürli mazmundaky sergilere, pagta we pagta önümlerine uly höwes bilen syn etdiler. Türgenleriň görkezme-sport çykyşlary, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarydyr tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Garaşylýan pursat gelip ýetdi. Arkadag Prezidentimiziň tabşyrygy bilen il sylagly ýaşulular düýn, çarşenbe — sähetli güni döwletli işiň başyny başladylar. Olar ýagşydan-ýagşy arzuwlar, doga-dilegler edenlerinden soňra “Bissimilla” edip, elleri bilen ilkinji ak hanalary ýygnap başladylar... “Harmanyňyza bereket!”, “Rowaçlyk ýylyňyz rysgally bolsun!” diýen jümleler buýsançly ýaňlandy.

Rowaçlyk ýylynyň pagtasynyň ilkinji tonnalary ýüklenen, toý lybasynda bezelen täze awtoulag kerweniniň milli Liderimiziň gurduryp beren Sakarçäge etrabyndaky möwsümde 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhana gelmegi bilen ilkinji hasyly kabul etmek başlandy. Üsti “ak altynly” awtoulaglar yzly-yzyna gapandan geçýärler.

Bu ýere ýygnanan ýüzleri nurana adamlar pagta hasylynyň ilkinji tonnalarynyň tabşyrylyp başlanmagy bilen biri-birlerini gutlap, ýagşy arzuw-dilegler etdiler. Harmanyňyza bereket, mähriban adamlar! Pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi. Okalan aýat-töwirlerde rowaçlyk ýylynyň rysgal-döwletli bolmagy, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

 

Agamyrat ATANYÝAZOW,

“Maru — şahu jahan”.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.