Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOLLAR ABAT — ILLER AMAN

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň we Mary şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň bilelikde guramagynda şäherdäki 25-nji orta mekdebiň interaktiw synp otagynda “Ýollar abat — iller aman” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýurdumyzda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan bu çärä mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Ýollarymyzyň abat — illeriň abadan bolmagy üçin yglan edilen bu biraýlygyň maksady, ýol-hereketiniň düzgün-kadalaryny pugta berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýolyşygyň duýduryşlaryna görä hereket etmek, sürüjileriňem, pyýadalaryňam bu ugurda öz borçlaryna düşünip ony berjaý etmegi barada Mary şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Maksat Kakajanow çykyş etdi.

 

A. MUHAMMEDOWA.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.