Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELOSIPED SÜRMEGIŇ PEÝDASY

Ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanýan welosiped sportuň iň ýörgünli görnüşleriniň biridir. XXI asyrda welosiped sürmek tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrülip barýar. Şol maksat bilen welosiped sürmegiň adam saglygyna edýän täsiri dogrusynda gazet sahypalarynda çap etdirmegi makul bildim.

Welosiped yzygiderli sürlende bedende artykmaç mukdarda emele gelýän, dartgynlylygy döredýän garmon bolan — kortizoly çykarýar. Netijede, ukusyzlyk aýrylýar.

Bedende geçýän madda çalşygyny ýokarlandyrýar we aşgazan-içege ulgamynyň yrgyldyly hereketini artdyrýar. Işdäni açýar, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar.

Bedeniň umumy çydamlylygyny artdyrýar, adam özüni ynamly, edermen we keýpiçag duýýar.

Günüň dowamynda alnan fiziki ýüklenmelere, agyr işlere çydamlylygy artdyrýar.

Bedeniň durky gözelleşýär, aşa agramlylygy (semizligi) aýyrmaga peýdasy degýär.

Yzygiderli welosiped sürmeklik bedende gan aýlanyşygy gowulandyrýar.

Bedenimizdäki ýaglary aýyrmakda uly rol oýnaýar.

Bedenimizdäki ýygyrtlary aýyrýar we maýyşgaklygy ýüze çykarýar. Şol wagtda bedenimize ýygnanan zäherli we zyýanly maddalary der bilen çykarýar.

Kelle beýnide emele gelýän sertonin, dofamin ýaly “şatlyk dörediji” gormonlaryň çykarylyşyny artdyrýar. Kelle beýnidäki dürli pikirlerden, ýaramaz endiklerden saplaýar. Adamyň özüni duýşuny, keýpini sazlaýar. Gaýgy-aladany, ünjüni azaldýar.

Welosiped sürmek akyl- -paýhas oýunlary bilen meşgullanýan adamlar üçin has peýdalydyr. Sebäbi ol beýnä kislorodyň gelmegini artdyrýar. Ýatkeşligi hem gowulandyrýar.

Alymlaryň tejribede gelen netijelerine görä, her günde 30 minut töweregi welosiped sürmeklik energiýany ýeterlik harçlamaga, ruhubelentligi döretmäge kömek edýär.

Welosipedli edilen gezelenjiň ýerini beýleki güýmenjeleriň hijisi hem tutup bilmez.

 

Metbugat materiallary esasynda taýýarlan Gurbanmuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.