Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENANLAR BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyz “Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr!” diýýär. Bu jümläniň özi her bir türkmen üçin uly mertebedir. Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny we ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen etrabyň 23-nji we 18-nji orta mekdepleriniň mejlisler zalynda “Gyz edebi — zenan gözelligi” ady bilen etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Çärelerde TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Gandym Orazow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Şatlyk Mämmetnyýazow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda zenanlarymyzyň hukuklary, zenanlarymyzyň jemgyýetdäki, maşgaladaky orny, mukaddes ojagyna, ýaryna wepalylygy, edep-terbiýe, ahlaklylyk barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň medeniýetine, milli däp-dessurlaryna sarpa goýýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmelidikleriniň möhüm wezipedigini nygtadylar.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.