Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EDEBIM — BAÝLYGYM

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Edebim — baýlygym” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi guraldy. Ady agzalan okuw mekdebiniň ýygnaklar zalynda geçirilen çärede gadymdan ýörgünli milliligimiz, däp-dessurlarymyz, edep-terbiýe mirasymyz hakynda gürrüň edilip, ýaşlary ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza laýyk ruhda terbiýelemäge üns çekildi.

Mary şäheriniň ýaşaýjysy, ýaşuly ene Oguljennet Öwezgeldiýewa, welaýat enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň lukmany Aýna Babakulyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary Täjigözel Akmyradowa, Güljan Aýlyýewa we beýlekiler çykyşlarynda edebiň iň ýagşysynyň mirasdygyny nygtadylar. Türkmen ilini rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.

 

Aýjan ABDYÝEWA,

“Maru — şahu jahan”.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.