Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEBIGATY TÄSIN TOPRAK

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwürde suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, biologiki köpdürlüligi we tebigaty baýlaşdyrmaga, çölleşmä hem-de topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmekde iri möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen eziz Diýarymyzyň baýlyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda guwandyryjy çäreler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň iri halkara maslahatlarynda öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary global ekologiýa meselelerini çözmäge Türkmenistanyň örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenilip düzülip, yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwlet ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýaşyl zolaklary giňeltmek netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.

Köpçülikleýin bag ekmek çäresine hormatly Prezidentimiziň ýörite Karar esasynda badalga bermegi bolsa, ählihalk bähbitli bu işiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Milli Liderimiz «Ýurdumyzda 2019-njy ýylda bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, bu sogaply işe ak pata berdi. Bu resminama esasynda ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa abadançylygy, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň nobatdaky beýanydyr.

Derýalaryň we akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar her bir şäheriň, ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäklerini giňeldýär.

Aşgabadyň töwereginde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gerimi giňeýän tokaýlyklar gözellik mesgenine öwrülýär. Baglar topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, onuň düzümindäki suwlary saklap, howany gowulandyrýar hem-de ekologiýa abadançylygyny saklamak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanmagyna itergi berýär. Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi daşky gurşawa, şol sanda bioköpdürlüligiň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Onuň akabalarynda balyklaryň dürli görnüşleri peýda boldy, kenarlarynda ösýän gamyşlar we tokaýlyklar bolsa, guşlaryň mesgen tutan ýerine öwrüldi. Kölüň suw ulgamy çölüň howasynyň ýumşamagyna hem oňaýly täsir edýär. Möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslama, diňe bir Türkmenistan üçin däl, tutuş Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin diňe hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açman, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýasyna hem oňyn täsir edýär. 2019-njy ýylda «Altyn asyr» Türkmen kö­lü­niň se­bi­ti­ni 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edilip, olarda bu sebiti özleşdirmek, ösdürmek bilen bagly giň möçberli, ykdysady we durmuş ähmiýetli wezipeler göz öňünde tutulýar. Bu kölüň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek we tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine uly goşant goşýar, şeýle ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmagyň ýollaryny gözlemäge örän işjeň gatnaşýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki Kanunlarda berkidilen daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli derejä göterilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak we aýawly peýdalanmak hakynda», «Howa giňişligini goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda» we başga-da ençeme Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu kanunçylyk namalarynyň düzümi ekologiýa durnuklylygyny gazanmakda, bioköpdürlüligi gorap saklamakda, adamlaryň amatly, arassa, sagdyn tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Bag ekmek şu günden geljek nesillere bagtyýarlyk saýasyny salmakdyr. Häzirki döwürde dünýä bileleşigi Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine goşýan ägirt uly goşandyny ykrar edýär. Araly, şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek baradaky meseleleriň çözülmegi köp babatda ekologiýanyň oňaýsyz täsirlerini başdan geçirýän döwletleriň ylalaşykly hereketlerine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjy uly goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynda VII Bütindünýä suw maslahatynyň münberinden çykyş edip, BMG-niň suw meseleleri boýunça uzakmöhletleýin Ýöriteleşdirilen Maksatnamasyny hemde BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu teklip Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek, bu ekologiýa heläkçiliginiň öňüni almaga has işjeň gatnaşmak baradaky çagyryş bolup, dünýä derejesindäki, sebit we milli derejelerdäki gurallaryň sazlaşygy Ýer ýüzüniň durnukly ösüşiniň esasy şertine öwrülýändigi baradaky hakykaty öňe sürdi.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň ähli künjekleri we onuň töwerekleri tanalmaz derejede özgerdi we gülläp ösýän şäher gurşawyna öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk goldawyna mynasyp bolýan syýasatynyň anyk netijeleridir. Türkmenistanlylaryň agzybirliginiň we zähmet ruhy göterilişiniň beýanyna öwrülýändiginiň, giň möçberli özgertmeler syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Bahar NIÝAZOWA,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň baş hünärmeni, ministrligiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.