Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAKLARY

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň çykarýan önümleriniň hatarynda dürli bezeg daşlary, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal, plastmas we aýna önümleri bar. Ýurdumyzda şol önümleriň çykarylýan möçberi ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär. Soňky ýyllarda pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik stansiýalary, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan desgalar bilen ýetirildi.

Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, energiýa üpjünçilik we paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatlaryň yşyklandyryş ulgamlary täzelenýär. Bu ulgamda geçirilýän giň möçberli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny hem-de köpsanly senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Bir ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary DES-inde utgaşykly buggaz elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Täze desganyň kuwwaty 1574 me­ga­wa­ta ba­ra­bar­dyr. Bu ýerde meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň 4-si hem-de bug turbinalarynyň 2-si gurnaldy. Desgalaryň iki görnüşiniň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli azalýar, atmosfera zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberi 2 — 3 es­se pe­sel­ýär.

Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürme­giň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylýan, kuwwaty 432 megawata barabar bolan bu gazturbinaly elektrik stansiýasy «Sumitomo Corporation» kompaniýasy tarapyndan gurulýar.

Ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy möçberini 33 milliard kilowat sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär. Bularyň haýsy serişdeleriň we mümkinçilikleriň hasabyna amala aşyryljakdy­gy­ny 12 — 14-nji sent­ýabr­da geçiriljek halkara sergi hemde Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly maslahat görkezer. Foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň 120-ä golaýynyň wekilleri gatnaşar.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan doganlyk owgan halkyna parahatçylykly durmuşy gurmaga kömek edýär. Ymamnazar — And­hoý we Ser­he­ta­bat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamlarymyz onuň aýdyň subutnamasydyr. Olar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. Geçen ýyl geçirijilik ukyby sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Ka­laý­nau elekt­rik geçiriji ulgamy ulanmaga berildi. Ol türkmen elektrik energiýasynyň Owganystanyň demirgazyk etraplaryna iberilýän ýene-de bir ugruny açdy.

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nystan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) gaz geçirijisiniň ugry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan — Owga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik geçiriji ulgamyny gurmak ýaly iri taslama diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, şol sanda gurluşyk senagaty we elektrik energetikasy ulgamlarynyň kuwwatynyň okgunly artmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny we şäherçelerini abadanlaşdyrmakda jemagat hojalygy işgärleriniň hem uly tagallalary edýändiklerini bellemelidiris. Munuň şeýledigini ak mermerli Aşgabadyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ak mermerli paýtagtymyzda köpsanly seýilgähler we seýilbaglar, suw çüwdürimleri bar, şaýollaryň, köçeleriň ugrunda we beýleki ýerlerde dürli bezeg gülleriniň örän köpsanlysy ekildi, ýörite ýaşyl zolaklar we gül aýmançalary döredildi. Olary göwnejaý ýagdaýda saklamak bolsa jemagat hojalygynyň işgärleriniň möhüm wezipesidir. Ýurdumyzyň jemagat hojalygy işgärleri bu wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.