Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE ÝEŇIŞLERI BUŞLAÝAR

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi we il sylagly ýaşulularyň «Bismilla» diýip başlap bermekleri bilen, 11-nji sentýabrda Lebapda maňlaý deri siňdirilip, tutanýerli zähmetiň netijesinde kemala getirilen «ak altyny» ýygnamaga girişildi. «Ak altynly» pellerde ir säherden tä giç agşama çenli zähmet joşgunyna beslenýän gyzgalaňly gün başlandy. Pelleriň bol hasyly daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşendigine güwä geçýär. Ýurda we onuň bagtyýar adamlaryna bereket gelende şeýle bolýar.

«Ak ker­wen» da­ba­ra­sy bi­len bag­lany­şyk­ly we­la­ýat hä­kim­li­gin­de ge­çi­ri­len ge­ňeş-mas­la­hat­da ha­syl ýy­gy­my­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ir­ki möh­let­ler­de tamam­la­mak, hususan-da, möw­süm­de ula­nyl­jak pag­ta ýyg­ýan teh­ni­ka­la­ryň we ýük ulag­la­ry­nyň gu­rat­lyk ýag­da­ýy, go­wa­ça­la­ryň ýap­rak­la­ry­ny dü­şür­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler iç­gin selje­ril­di, pagta­çy­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ze­rur­lygy­na üns çe­kil­di.

Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýyg­nalan ha­sy­ly har­man­ha­na­la­ra da­şa­jak ýük ulaglarynyň üz­nük­siz iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Äti­ýaç­lyk şaý­la­ryň, ýan­gy­jyň we çal­gy ýag­la­ry­nyň üp­jün­çi­li­gin­de hiç hi­li bök­denç­li­giň bolmaz­ly­gy üçin de­giş­li hü­när­men­le­re anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di. Türk­me­na­ba­dyň tejribe-sy­nag we abat­la­ýyş hem-de et­rap­larda­ky teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ryn­da teh­ni­ka­la­ry be­jer­mek, äti­ýaç­lyk şaý­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýo­la go­ýul­dy.

Pag­ta­çy­la­ryň teh­ni­ka taý­dan üp­jün­çi­ligi­niň has go­wu­la­nan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bellä­siň gel­ýär. Pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň sa­ny 206-a ba­ra­bar bol­dy, şo­la­ryň 40-sy ge­çen ýy­lyň tom­sun­da tä­ze ge­ti­ri­len «Jon De­er» ky­sym­ly pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­lardyr. Ýe­ne-de tiz­den goň­şy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da ön­dü­ri­len pag­ta ýy­gy­jy kombaýn­la­ryň uly tap­gy­ry we­la­ýa­ta ge­tiri­ler. Mu­nuň özi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, her ýyl­da teh­ni­ka­la­ryň üs­tü­niň ýe­ti­ri­lip dur­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. «Ak al­tyn­ly» meý­dan­lar­da ýyg­na­lan bol ha­sy­ly har­man­ha­na­la­ra da­şa­mak üçin hem 1350-den gow­rak teh­ni­ka ula­ny­lar. Ola­ryň ara­syn­da kuw­wat­ly «Ka­maz» ýük awtoulag­la­ry­nyň bol­ma­gy has-da gu­wandy­ry­jy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da pag­ta ha­sy­ly­ny da­şa­mak­da ula­nyl­jak bu kuw­wat­ly ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­ny 40-a go­laý­la­ýar. Pagta­çy­la­ryň zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni gazan­mak­la­ry üçin ze­rur bo­lan zäh­met we dynç alyş şert­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi­ne möw­sü­miň bü­tin do­wa­myn­da üns berler. Welaýatyň et­rap­la­ryn­da pag­ta ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 11-si tä­ze ha­sy­ly ka­bul etmäge taý­ýar edil­di. Ýyg­na­lan ha­sy­ly ýan­gyn­dan we beý­le­ki te­bi­gy amatsyzlyklardan go­ra­ma­ga bil­di­ri­len ta­lap­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi da­hyl­ly gulluklaryň üns mer­ke­zin­de dur­ýar.

We­la­ýa­tyň pag­ta­çy­la­ry şu ýyl 120 müň gek­tar meý­dan­da go­wa­ça­nyň «S2606», «Aş-36», «133», «Ýo­lö­ten-7» ýa­ly ýo­ka­ry ha­syl be­ri­ji­li­gi bi­len tapa­wut­lan­ýan görnüşleri­ni ek­di­ler. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da le­bap­ly pagtaçy­la­ryň mak­sa­dy 295 müň ton­na ha­syl ýygna­mak­dan yba­rat.

Şol gün we­la­ýa­tymyz­da ha­sy­ly ýyg­nama­ga Çär­jew et­ra­by­nyň «Jeý­hun» daý­han birle­şi­gi­niň Gar­ýag­dy Ju­ma­ýew ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýän 10-njy kä­ren­de­çi­ler to­pa­ry­nyň «ak al­tyn­ly» meý­dan­la­ryn­da ba­dal­ga be­ril­di. Toý keş­bi­ne gi­ren «ak altynly» meý­dan­lar­da, hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça, il sy­lag­ly ýaşu­lu­lar: «Har­ma­ny­ňy­za be­reket!» di­ýip, we­la­ýa­tyň pag­ta­çy­la­ry­na uly ýe­ňiş­le­riň hem­ra bol­ma­gy­ny ar­zuw edip, il­kin­ji ki­log­ram­la­ry ýyg­na­ma­ga gi­riş­di­ler.

— Ýa­şu­lu­la­ryň ýü­rek­den çyk­ýan sözle­rin­de ýe­ňiş­le­re bo­lan hik­met, ynam bar. Pag­ta ýy­gy­my­ny ýo­ka­ry ne­ti­je­li we gys­ga möh­let­ler­de üs­tün­lik­li ta­mam­la­rys. Eder­men pag­ta­çy­la­ry­my­zyň iş­le­mek­le­ri üçin ta­la­ba­la­ýyk iş we dynç alyş şertle­ri­niň guralmagy ba­ra­da hem her bir et­rap­da çuň­ňur ala­da­la­nyl­dy — di­ýip, Türkmenistanyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­lary­nyň Çär­jew et­rap bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy Ba­ba­my­rat Şü­kü­row bi­len «ak ker­wen» da­ba­ra­sy ma­ha­lyn­da gür­rüň­deş bolanymyzda aýt­dy.

Pag­ta ýy­gy­my­na ba­dal­ga ber­len daýhan bir­le­şi­gin­de, şeý­le hem ha­sy­lyň il­kin­ji tonna­la­ry­nyň ka­bul edi­len kär­ha­na­la­ryň çä­gin­de toý da­ba­ra­la­ry ulu­dan tu­tu­lyp, bol ha­sy­lyň ýyg­nal­ma­gy ar­zuw edil­di. We­la­ýat­da pag­ta ha­sy­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek üçin kä­mil se­na­gat dü­zü­mi kema­la ge­ti­ril­di. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar se­na­gat üçin gym­mat­ly çig ma­ly gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä ba­zar­la­ry­na ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri çy­kar­ma­ga bir­kemsiz taý­ýar­la­nyl­dy. Olar­da ge­çen ýy­lyň pag­ta ha­sy­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek­de göz öňün­de tu­tu­lan sepgit­ler ga­za­nyl­dy. Kär­hana­lar tä­ze ha­sy­ly ka­bul et­mä­ge taý­ýar.

«Ak ker­wen» da­ba­rasy baý­ram­çy­lyk öwüş­ginle­ri­ne bes­len­di. Ker­we­ni gar­şy­la­ýan türk­men oba­synyň keş­bi jan­lan­dy­ryl­dy. Ak öý­ler gur­lup, aý­dym-sa­zyň hoş owaz­la­ry ýaň­lan­dy. Aý­dym-saz­lar­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň was­py ýetiril­di. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryşlar gu­ral­dy. Päl­wan­lar bil­leş­di­ler, ez­ber­ler ýag­ly­ga to­wus­dy­lar. Oba ho­ja­lyk we dokma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­le­riniň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň el iş­le­ri­niň ser­gile­ri gu­ral­dy. Da­ba­ra­la­ryň geç­ýän ýe­rin­de ga­zan­la­ryň on­lar­ça­syn­da mil­li ta­gam­lar taý­ýar­la­ny­lyp, ge­len­le­re hödürlenildi.

«Ak ker­wen» da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li baýlygymyz bo­lan pag­ta­nyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak ba­ra­da tab­şy­ryk­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

 

Şakir TURAÝEW,

öz habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.