Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýakynda Tejen etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda 2019-njy ýylda pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde we öz wagtynda ýygnamakda ulanyljak tehnikalaryň ulanylyş düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen usuly okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata tehniki howpsuzlyk gullugynyň, Tejen şäher-etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, şäher-etrap polisiýa bölüminiň ýangyna garşy göreş bölüminiň işgärleri, pagta ýygyjy maşynlaryň sürüji mehanikleri, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işgärleri hem-de daýhan birleşikleriň bu işe dahylly hünärmenleri we pagtaçy kärendeçiler gatnaşdylar.

Usuly okuw maslahatynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän pagta ýygyjy maşynlarynyň hereketlendiriş we işleýiş hem-de dolandyryş düzgünleri bilen giňden tanyşdylar. Bu işler boýunça gürrüňdeşlik alyp barýan hünärmenler tehniki howpsuzlygy, ýol hereketiniň kadalary we düzgünleri, ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly pursatlar barada gürrüňdeşliklere aýratyn üns çekdiler. Usuly okuw maslahatynyň dowamynda özara pikir alyşmalar hem geçirildi. Tejribeli hünärmenleriň, degişli tehniki işgärleriň mehanizatorlaryň pikirleri, maslahatlary ünsli diňlenip, sowal-jogap alşyldy.

Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän ägirt uly ýardamlaryndan, sowgat berýän tehnikalaryndan ruhlanyp, jan aýaman zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maral AŞYROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.