Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«GYZ EDEBI — ZENAN GÖZELLIGI»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, jemgyýetimizde zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar barada alnyp barylýan işler ata-baba ýol ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar.

Türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip geldi. Şol milli häsiýetleri ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen geçirmek, ýaşlarymyzyň kalbynda bu mukaddesliklere söýgi döretmek, ata Watanymyzyň ýeten beýik ösüşlerine goşandyny goşmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda, zähmetkeşler köpçüliginde wagyz-nesihat mazmunly duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Ýakynda Garagum etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda, etrabyň Akmeýdan geňeşliginde ýerleşýän 18-nji orta mekdepde il sylagly ýaşulularyň, mähriban eneleriň, etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda, bu ugurlardan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak, nesil terbiýesi, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz barada giňişleýin gürrüň edildi.

Etrabyň Täze oba geňeşliginiň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Amantuwak Çopanowa «Gyz ede­bi — gy­zyl­dan gymmat» diýen ugur boýunça çykyş etdi. Mährem enäniň maşgala mukaddesligi, gyz edebi barada okan şygyrlary duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Soň­ra «Maş­ga­lam — baş galam» diýen ugur boýunça 18-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Abadan Saparowa, «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de, bizini» diýen ugur boýunça Garagum etrap häkimliginiň hünärmeni Tylla Çaryýewa, «Ýaşlar biziň geljegimiz» diýen ugur boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Ogulbagt Amanmyradowa çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda çagalaryň we eneleriň saglygy ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Gandym ORAZOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.