Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERINIŇ YGTYBARLY KEPILI

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen mukaddes ýörelgesi, durmuşyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan ägirt uly işler dünýäni haýrana goýýar. Türkmenistanyň özüne çekijiligi, dünýä jemgyýetçiligine işjeň ýakynlaşmagy, ýerasty baýlyklara eýe bolan, belent ynsanperwer maksatlara we gymmatlyklara uýýan ýurdumyzyň depginli ösýän döwlete öwrülmegi Diýarymyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň ýylsaýyn ösýän ykdysadyýeti halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşmagyna ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze industrial taslamalaryň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalar ýoly bilen alyp gitmegiň, ösüşiň täze gurluşynyň döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamyň kämilleşdirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, durmuşyň ähli ajaýyp şertlerinden peýdalanmagy, döwletiň syýasy hem-de ykdysady taýdan ösmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Güneşli Diýarymyz günübirin oňyn ösüşlere beslenýär. Il-ýurt bähbitli durmuşa ornaşdyrylýan her bir uly möçberli işler, Diýarymyzyň welaýatdyr etraplarynda güýçli depginde alnyp barylýan kuwwatly gurluşyklar, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndaky ösüşli sepgitler ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň özenini düzdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýur­du­myz­da dur­muş mak­sat­ly we in­že­ner üpjünçilik ulgamlarynyň müňlerçe desgalary gurlup ulanmaga berildi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­tan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 1-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» şol ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi, ilatyň aýdyň hem bolelin geljegini nazarlaýar. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden gurmagyň nobatdaky tapgyry başlandy. Dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda bolup geçýän esasy ýagdaýlary we özgertmeleri nazara almak bilen amala aşyryljak bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan düzümleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Wagt geçip barýar. Dünýä özgerýär. Täze tehnologiýalar, giň gerimli taslamalar ýüze çykýar. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek üçin biz ýa­ňy-ýa­kyn­da ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksatnamanyň esasy maksady bolup durýar. Bu Maksatnamany doly möçberde durmuşa geçirmek üçin biziň ählimiz bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisi hem, Hökümeti hem, jemgyýetimiz hem yhlas bilen tutanýerli işlemelidir» diýip nygtady. Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet emlägini hususylaşdyrmaga we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Mejlisiň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamanyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynda makullandy we ol yzygiderli kämilleşdirildi. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň esasy ugurlarynyň üstünde giňişleýin işlenildi. Maksatnama tutuşlygyna alnanda, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmegi hem-de ony kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmagy maksat edinýär.

Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahananyň, 20 saglyk öýüniň, 163 mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 201 umumy bilim berýän orta mekdebiniň, 16 medeniýet öýüniň, 11 suw arassalaýjy desganyň, 13 lagym arassalaýyş desgasynyň, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şeýle hem 17 hassahanany, 22 saglyk öýüni, 2 çagalar bagyny hem-de bir medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokarda görkezilen maksatlar üçin esasy maýa goýumyna 9976,7 million manat (şol sanda: Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Le­bap we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 1851,3 mil­lion ma­nat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) möçberinde maliýe serişdelerini goýbermegiň göz öňünde tutulmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda hormatly Prezidentimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatda teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny hem giňden şöhlelendirýär.

Sebitleriň, hususan-da Daşoguz welaýatynyň öndüriji güýçlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek meselesi Prezident Maksatnamasynda aýdyň beýan edilýär. Diýarymyzyň Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň agrar-industrial taýdan ösen sebiti bolup, tutuş ýurdumyz boýunça pagta süýüminiň, ýurdumyzda bar bolan iri şahly mallaryň uly bölegi biziň welaýatymyzyň paýyna düşýär. Ekerançylyk önümleriniň esasy görnüşleri pagta, bugdaý we şaly bolup durýar. Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlarynyň pagtany we şalyny öndürmekdäki görkezijileri hormata mynasypdyr. Welaýatymyz miweleri we ir-iýmişleri öndürmek boýunça-da tutuş ýurdumyz boýunça öňdäki orny eýeleýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň obasenagat toplumynda welaýatyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzala­ry­nyň 135 müň­den gow­ra­gy zäh­met çek­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny güýçli depginde ösdürmek barada öňe süren tekliplerini, olaryň esasynda kabul edilen möhüm kararlary tüýs ýürekden goldamak bilen, alyp barýan işlerine has giň gerim beren we­la­ýa­ty­my­zyň ba­ba­daý­han­la­ry «Türk­me­nis­tan — ro­waçlygyň Watany» ýylynda Watan harmanyna welaýatymyzyň edermen ekerançylary 300 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyryp, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Üstünliklere ruhlanan edermen babadaýhanlarymyz pagta ýygymy möwsüminiň dowamynda 235 müň ton­na pag­ta ha­sy­lyny ýyg­na­mak bo­ýun­ça sepgide ýetmek üçin häzirki günlerden tagalla edýärler. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň binýadynda milletiň paýhas goruny, intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy ykbal kesgitleýji mizemez kada hökmünde belleýär. Bu ugurda amala aşyrylmaly işlerde, pudagyň işgärleri bilen birlikde kärdeşler arkalaşyklary guramalary hem guramaçy, ýakyn maslahatçy we ýardamçy bolup çykyş edýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda hem täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak barada Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň ýü­rek buý­san­jy­ny go­şa­lan­dyr­dy. Gur­lu­şy­gy­ny 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da tap­gyr­la­ýyn gur­mak: bi­rin­ji tap­gy­ryn­da 2019 — 2025nji ýyllarda 41 sany ýaşaýyş jaýynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny tamamlamak, ikinji tapgyryn­da 2021 — 2024-nji ýyl­lar­da 29 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň düýbi tutuldy. Umumy tutýan meýdany 71 gektara barabar bolan bu toplumda 1496 maşgala ni­ýet­le­ni­len je­mi 70 sa­ny: 51 sa­ny 4 gat­ly 24 öý­li, 15 sa­ny dört gatly 16 öýli, şeýle hem 4 sany 4 gatly 8 öýli ýaşaýyş jaýlary 30 ýyllyk karzyň hasabyna gurlar. Täze toplumda 600 orunlyk döwrebap orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkeziniň we hyzmatlar öýüniň gurluşyklary hem-de ýokary derejedäki abadanlaşdyryş işleriniň göz öňünde tutulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem Da­şo­guz şä­he­rin­de 450 orunlyk kö­pu­gur­ly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň düýbüniň tutulmagy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylýan döwründe Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 MWt bolan bug turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak we Daşoguz elektrik stansiýasyndan Köneürgenç şäherine çenli elektrik geçirijilerini çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, meýilleşdirilýän ýediýyllygyň dowamynda Daşoguz welaýatynda täze gazhimiýa pudagy emele geler. Welaýatda suwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürýän desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly önümçilik zawodynyň işe girizilmegi bilen, welaýatymyzyň çäklerinde täze gazhimiýa önüminiň öndürilişi başlanar.

Maksatnama laýyklykda, Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerini netijeli çözmek üçin gurluşyk senagatynyň hem-de ýeňil senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba hojalygynyň, dokma önümçiliginiň, haly we haly önümleriniň öndürijiligini kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Welaýatyň öz çig malynyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Öňde duran döwürde ýüňi we derini ilkinji gezek gaýtadan işleýän, sintetik halylary öndürýän kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi diňe bir ykdysady ösüşi aňlatman, täze iş orunlaryny döretmegiň depgininiň çaltlandyrylmagyny alamatlandyrýar.

Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da Da­şo­guz welaýaty boýunça maldarçylyk pudagyny, köpdürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmegiň esasy maksady oba hojalyk çig malyny çuň gaýtadan işleýän kärhanalary, ykdysadyýetiň ýokary derejeli, şol sanda eksporta gönükdirilen pudaklaryny döretmek bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ösüşiniň öňdäki ýedi ýyly innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň beýik döwri bolar. Şeýlelikde, Diýarymyz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýýar. Şol tapgyrda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan belent işlerine çuňňur buýsanmak bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi we onuň ähli derejedäki guramalary Gahryman Arkadagymyzyň syýasatynyň baş ugrunyň durmuşa geçirilmegine işjeňňir gatnaşyp, jemgyýetde bitewüligi we agzybirligi mundan beýläk-de berkitmäge ähli çäreler arkaly ýardam bermegi özleriniň mukaddes borjy hasaplaýar. Mähriban Arkadagymyzyň Watanyň, halkyň bähbidine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, özüniň gorag, goldaw we maslahat beriş wezipelerini yzygiderli amala aşyryp, öz agzalarynyň hukuklaryny, bähbitlerini goramakda öz tertipnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirmek ugrunda, hormatly Prezidentimiziň taryhy maksatnamalaryny, kabul edýän kararlaryny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde, düşündirmekde, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmakda işjeňlik görkezerler.

Abadan ýurdumyzda çekilýän halal zähmetiň netijeleri Watanymyzyň kuwwatydyr. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna her bir zähmet adamsynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne laýyk belent ruh bilen zähmet çekmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmazlar.

Ýurdumyzy rowaçlyklaryň täze belentliklerine ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.