Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Pagta ýygymy oba hojalygynda jogapkärli möwsümdir. Bu möwsümde tehnikalaryň, ylaýta-da, pagta ýygyjy kombaýnlaryň bökdençsiz we netijeli işledilmegi esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylda pagta ýygymyna gatnaşdyryljak tehnikalaryň taýýarlygyna uly ähmiýet berildi. Taýýarlyk işleriniň çäginde oba hojalyk tehnikalaryna erk etjek mehanizatorlardyr sürüjiler bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri etraplardaky Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda zähmet çekýän mehanizatorlar bilen geçiren okuw maslahatlarynyň barşynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz we tiz wagtda ýygnamagyň, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň berjaý edilişiniň ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdiler.

Üstümizdäki ýylda welaýatymyzyň gowaça meýdanlarynda Arkadag Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary tehnologiýaly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň ýüzlerçesi ýygyma gatnaşar. Şol kuwwatly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak esasy talaplaryň biridir. Ine, şu dogrusyndada okuw maslahatynda aýratyn durlup geçildi. Onuň barşynda zähmeti goramak boýunça kadadyr düzgünler, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş we howpsuz zähmet şertleri barada aýdylanlar we şonuň bilen baglanyşykly degerli maslahatlar uly täsirleri döretdi.

 

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.