Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝRAMÇYLYK SÖHBETI

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen söhbetdeşlik 25-nji sentýabrda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda raýat jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Söhbetdeşlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünlikler, dünýä bileleşigi bilen alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklar, döwletimiziň we jemgyýetimiziň kadaly ösüşine ýardam berýän toplumlaýyn işler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler barada özara pikir alşyldy.

 

Agow GOWŞUDOW,

TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.