Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY WEKILÇILIKLI EDARASY

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wata­ny» ýy­lyn­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­miz be­lent mak­sat­la­ra ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýar, ta­ry­hy äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly syýasaty, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, ynsanperwer ýörelgeleri netijesinde eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Garaşsyz Türkmenistanyň belent sepgitlere çykmagyna gönükdirilen milli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny pugtalandyrmaga, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, syýasy-demokratik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplanan ägirt uly tejribäni halkymyzyň abadançylygynyň, şonuň ýaly-da, döwletimiziň yzygiderli gülläp ösmeginiň hatyrasyna netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taryhy başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi raýat jemgyýetini gurmagyň ýolunda möhüm sepgidi alamatlandyrdy. Bu taryhy başlangyç hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet Baştutany, görnükli syýasatçy, beýik şahsyýet hökmünde müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimize, halk demokratiýasyna goýýan belent hormatyny we halk bilen jebisligini aýdyň subut edýär.

Baş baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň şanly toýuny sowgatly garşylamaga taýýarlanýan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem belent mertebeli Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesine laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şäherdir obalarymyzda döwrebap durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler ornaşdyrylýar. Medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler dowam edýär. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüşler gazanylýar. Garaşsyz Watanymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, myhmanhana toplumlarynyň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, senagat kärhanalarynyň we beýleki köp sanly döwrebap desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Kiçi işewürlik we hususy telekeçilik pudagy hem ýokary depginlerde ösýär, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze senagat kärhanalary işe girizilýär. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Her bir maşgalanyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşaýyş jaý edinmegi, eliniň uzadan ýerine ýetmegi, öý goşlaryny we beýleki durmuş zerurlyklaryny edinmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Bu beýik işler Arkadag Prezidentimiziň şöhratly ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda belent mertebeli döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gije-gündiz çekýän ýadawsyz zähmeti we halk hakyndaky aladasy dur. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny tassyklaýan halkara ähmiýetli taryhy wakalar halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Türkmen demokratiýasynyň gadymy dessurlarynyň biri bolan halk bilen geňeşmek däbi ýurduň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegini üpjün edipdir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hereket edýän milli demokratiýamyzyň möhüm düzümleriniň biri bolan halkymyzyň bähbitlerine gulluk edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmek bellenildi.

Döwletli işleriň, toýdur baýramlaryň öňýanynda geňeşmek türkmen halkynyň asyrlarboýy ileri tutan milli ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda geçiriljek hem-de 2019-njy ýylyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy hökmünde taryhymyza girjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň agzalygyna jemgyýetçiligiň wekilleri saýlanyldy. Bu işe ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda, döredilen hem-de ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine wekiller teklip edildi. Özüniň ylym-bilimi, işeňňirligi, paýhasy, giň dünýägaraýşy, ýiti zehinliligi bilen uly abraý gazanan, örän jogapkärçilikli, adamkärçilikli, ylymly şahsyýetler hökmünde tanalýan watandaşlarymyz erkin bäsdeşlik, açyklyk esasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynda gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine wekiller hökmünde saýlandylar.

Şu günler ýörite kabul edilen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna berk eýerýändigine doly şaýatlyk edýän jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň ähmiýetine bagyşlanan dabaraly maslahatlardyr, duşuşyklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünlikler, dünýä bileleşigi bilen alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklar, döwletimiziň we jemgyýetimiziň kadaly ösüşine ýardam berýän toplumlaýyn işler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu dabaralar, döwletli maslahatlar halkymyzda erkana hem-de kuwwatly döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez guwanç-buýsanç duýgularyny döredýär, ruhubelentligimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da dabaralandyrar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterýän il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de barha rowaçlansyn!

 

Ahmet NEPESOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.