Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

USSATLARDAN ÖWRENÝÄRIS

Biziň ýurdumyzda eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe berýän, öz asylly käriniň ussady, tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler. Olaryň biri hem Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Oraznabat Döwletowadyr.

Ussat mugallym altmyş ýyla golaý wagt bäri şu mekdepde biregne mugallym bolup işläp gelýär. Ýaşlyk ýyllary kynçylykly ýyllara gabat gelen bu zenan mugallym öz durmuşynyň köp bölegini şu asylly kärine baglady. Durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadan halypa mugallym ene-atadan ir galýar. Kakasy 1942-nji ýylda Beýik Watançylyk urşuna gidenden soň, Oraznabat dünýä inýär. Ol iki ýaşlyja gyzjagaz wagty ejesi aradan çykýar. Ýaşlykdan ylma-bilime höwesi bolan Oraznabat 1959-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň şol wagtky biologiýa-geografiýa fakultetiniň biologiýa bölümine okuwa girýär. Ikinji ýylynda gaýybana okap başlaýar. Şeýle hem gündizine Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebinde işleýär.

Ýaşlygyndan ýüreginde beslän arzuwy wysal bolan bu mugallym bilen söhbetdeş bolanyňda, onuň iş tejribesiniň ýeterlikdigine göz ýetirýärsiň. Orta mekdepleriň okuw meýilnamasynda okadylýan 6-7-nji synplaryň biologiýa we 1-nji synplaryň ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden okadylýan kitaplaryň awtory bolmagy hem Oraznabat mugallymyň öz käriniň ussadydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ajaýyp zähmetiň nusgasyny görkezýän bu mugallym zähmet çeken döwürlerinde köp gezek jemgyýetçilik we syýasy işlere gatnaşyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan göreldeli zähmeti üçin dürli ýyllarda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Guralýan bilim sergilerinde, “Iň oňat mugallym” atly gözden geçiriş bäsleşiklerinde birnäçe diplomlaryň eýesi boldy. Oraznabat mugallym 1985-nji ýylda “Zähmet weterany” diýen medaly, “Halk magaryfynyň otliçnigi” diýen nyşan, 1996-njy ýylda Türkmenistanyň ussat mugallymy boldy.

Oraznabat Döwletowa her bir sapagyny dürli görkezme esbaplary we dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen, täze temalar ýaşlaryň aňynda berk galar ýaly guraýar. Şonuň üçin bu orta mekdebiň ýaş hünärmenleri Oraznabat mugallymyň iş tejribesini öwrenmäge çalyşýarlar. Oňa mydama kärdeşleriň «halypa mugallym» diýip ýüzlenýärler we uly hormat goýýarlar. Halypa mugallym juda pespäl, açyk göwünli mylakatly zenan.

Köpleriň halypasy, mähriban mugallym mekdep okuwçylarynyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin mekdepde ýörite gurnak işleri guramagy makul bildi. Mekdebiň ýörite meýdançasynda bugdaý ekip, ony ýetişdirip ýygnanlaryndan soň, dänesini we baldagyny alyp, dürli şekilleri ýasaýarlar. Okuwçylar bu gurnaga höwes bilen gatnaşýarlar. Bugdaýyň baldagyndan dürli şekilleri ýasamak olar üçin örän gyzykly hem täsin bolýar. Okuwçylar ýasan işleri bilen dürli sergilere gatnaşyp, Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Mugallym Oraznabat Döwletowa hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny uly höwes bilen okaýandygyny:

— Kärim biologiýa mugallymy bolandygy üçin, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik kitabyny özümiň ýankitabyma öwürdim. Biz — biologiýa mugallymlary üçin Türkmenistandaky ähli ösümlikleriň maglumatlary bu kitapda giňden ýerleşdirilen. Hormatly Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren kitaplaryny özümiň her bir okuw sapagymda peýdalanýaryn. Çagalara bilim, terbiýe bermek bilen, olaryň Watana wepaly, asylly oglan-gyzlar bolup ýetişmeginde öz zähmetimi gaýgyrmaýaryn. Men şeýle bagtly zamanada ýaşaýandygyma, zähmet çekýändigime diýseň buýsanýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, beýän edýär.

Şeýle uly mümkinçiliklerden, hormatdan peýdalanýan hormatly mugallymyň kalby alkyşdan doly. Mugallymçylyk ýaly asylly, hormatly kärde zähmet çekýän, uly iliň sylag-sarpasyna mynasyp bolýan Oraznabat Döwletowa üstünlikleriň mydama ýaran bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Sona ATDAÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.