Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY - ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalygy işgärleriniň, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde guramagynda kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly  maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa açyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 1-nji bölümçäniň başlygy kapitan Bakyberdi Annaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň 3-nji bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Mekan Orusow, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Akka Gazakow, Aşgabat orta hünär okuw mekdebiniň hünär dersleri boýunça mugallymy Wepa Hommyýew, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Arassalaýyş, abadanlaşdyryş müdirliginiň hünärmeni Babanazar Seýranow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.