Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAGYŇ AK ÝOLLARY ASUDALYGYŇ KEPILIDIR” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde “Arkadagyň ak ýollary asudalygyň kepilidir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň başlygy Didar Hydyrow açyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginiň 4-nji bölüminiň başlygy, Polisiýanyň podpolkownigi Annadurdy Jyrykow,  Aşgabat şäheriniň 103-nji orta mekdebiň müdiri Aşyrmät Gurbanow,  Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam fakultetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Bahar Gylyçlyýewa,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehnik gözegçisi  Tawus Sahatmyradowa,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Berdimyrat Çaryýew çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.