Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDY

Sarahs etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 21-nji orta mekdepde sportuň kiçi futbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Oňa 8-11-nji synp mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýaş türgenlere üstünlik arzuw etdiler.

Soňra mekdebiň sport zallarynda we meýdançalarynda sportuň degişli görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga berildi. Kiçi futbol hem-de ýeňil atletika boýunça ýaryş çekeleşikli geçdi.

Döwrebap enjamlaşdyrylan sport meýdançalarynda ýaryşyň guramaçylykly geçmegi üçin hemme şertler göz öňüne tutulypdyr. Bu bolsa ýaryşa gatnaşyjylara öz ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Sport janköýerleri kiçi futbolda gyzykly duşuşyklara uly gyzyklanma bildirdiler. Şol duşuşyklaryň netijesinde 1-nji orta mekdebiň topary 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňil atletika görnüşinde 21-nji orta mekdebiň topary üstün çykdy. Ýaryşda baýrakly orunlara eýe bolan toparlaryň ähli oýunçylaryna guramaçylar tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Sülgün BEGMYRADOWA,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.