Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KANUNYLYGYŇ ÜPJÜNÇILIGI, GÖZEGÇILIGI, WAGYZ-NESIHATY

Ýurdumyzyň Baş prokuraturasy tarapyndan «Kanuna hormat jemgyýetçilik ahlagynyň özenidir» ady bilen raýatlaryň hukuk düşünjeliligini, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagy, berkarar döwletimiziň kanunlaryna hormat bilen garamagy wagyz edýän çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda şeýle çäre ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory Nurjemal Baýramowa, Içeri işler ministrliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň başlygy Rüstem Salamatow, Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Oguljeren Şyhyýewa dagy çykyş etdiler.

 

Merdan BAÝMYRADOW,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň raýatlaryň hukuklary we azatlyklary hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.