Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WOLEÝBOL ÝARYŞY

Golaýda welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirildi. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli zenan türgenleriň arasynda geçirilen bu woleýbol ýaryşyna Türkmengala, Garagum, Murgap etraplaryndan hem-de Mary şäherinden, şeýle hem Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinden gelen türgenler gatnaşdylar.

Mary şäherindäki döwrebap 8-nji sport mekdebinde geçirilen bu ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Çempionata gatnaşan toparlaryň taýýarlykly gelendigi ýaryşyň dowamynda has aýdyň boldy. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä gyzykly hem çekeleşikli geçirilen bu ýaryşda Mary şäheriniň woleýbolçy zenanlary 1-nji, Garagum etrabynyň woleýbolçy zenanlary 2-nji, şeýle hem Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň woleýbolçy zenanlary 3-nji orna mynasyp boldular.

Ýaryşda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Annageldi KÄLLIÝEW,

“Maru — şahu jahan”.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.