Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOLUŇYZ AK BOLSUN, ILIMIZ ABADAN!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, olaryň saglygyny, howpsuzlygyny gorap saklamak üçin döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ulag logistika aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi barha ilerleýär. Şu jähetden ýol-ulag hereketine gatnaşyjylaryň saglyklaryny goramak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen her ýylyň sent­ýabr aýy­nyň 1 — 30-y ara­ly­gyn­da ýur­du­myz bo­ýun­ça “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has ýokarlanmagy netijesinde ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglar köpelip, olaryň hereketleri barha artýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem sazlaşykly hereketi üpjün etmek üçin ýurt derejesinde yzygiderli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ulag logistika infrastrukturasyny ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdi­ril­ýär. Olar ýol­la­ry­my­zyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak, ýollarda wideo gözegçilik enjamlaryny ornaşdyrmak ýaly işler üçin harçlanyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gözegçilik işiniň tehniki binýady has kämilleşdirilýär. Şeýle hem öýjükli, ýagny wagt görkezýän ýol yşyklarynyň goýulmagy, goşmaça sowma we ýan ýollaryň gurulmagy çatryklarda ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Köçelerde we şaýollarda ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmegi ýollardan howpsuz geçilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny möhüm kadalaşdyryjy hukuk binýat bolup çykyş edýär. Bu Kanun Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, oňa gatnaşyjylara düşündiriş we wagyz-ündew işlerini geçirmekde anyk wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipelerden ugur alyp, Türkmen döwlet maliýe institutymyzda professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, ýol hereketiniň howpsuzlyk gullugynyň wekilleriniň we saglyk öýleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-ündew çäreleri geçirilip, düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle çärelerde olar köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň diňe bir sürüjilere däl-de, eýsem pyýadalara hem degişlidigini, ýagny köçeden geçenlerinde ýol görkezijilerden peýdalanmalydygyny düşündirýärler.

Mahlasy, köçelerdir ýollarda ulaglar, pyýadalar bilen baglanyşykly ýaramaz hadysalaryň öňüni almak­da “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň rahatlygy” atly biraýlygyň ähmiýeti örän uludyr.

 

Çaryýar REJEPOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.