Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝRAMA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki şaşka we küşt sport-dynç alyş merkezinde sportuň şaşka görnüşi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi.

Welaýat merkeziniň ýaş şaşkaçylarynyň gatnaşmaklarynda guralan bäsleşikde oglanlaryň arasynda 14-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Habyp Baýramdurdyýew iň köp utuk toplap, birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Ikinji orny 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýmyrat Myradow eýeledi. 22-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Möwlam Hudaýberdiýew bolsa üçünji orna mynasyp bolmagyň hötdesinden geldi.

Gyzlaryň arasynda 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Orazgül Durdyýewa ýeňiji boldy. 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mährijemal Saparowa ikinji, 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Patma Kadyrowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýaryş Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan bilelikde guralyp, öňdäki orunlary eýelänlere we has owadan oýun görkezen şaşkaçylara sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Aşyr Ber­diýew.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.