Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“MILLI BILIMIŇ ÖZGERIŞ ÝOLY” ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Milli bilimiň özgeriş ýoly” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň binýady - ylym we bilimdir.

Adamzat jemgyýetini ösdürýän, onuň durmuş ýolunda şamçyrag bolup şöhle saçýan ugurlaryň ylym bilimdigi bütin dünýä äşgär hakykat. Asyrlaryň dowamynda öz alymlarynyň, akyldarlarynyň üsti bilen halkynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün eden döwletleriň köp bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem häzirki döwürde adamlaryň ylym-bilimli, sowatly bolmagyny gazanmak islendik ýurt üçin hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramow açyp, onda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplary taýýarlamak we neşir işi bölüminiň hünärmeni Annasapar Kiçiýew,  Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bölüm müdiri Ogulmaral Matalowa,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Muhammet Jemilow,  Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Saparowa Gurbangözel we A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Hatamowa Haýtgül çykyş etdiler.

Maslahatyň soňunda baýramçylyk mynasybetli bilim pudagynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryna ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.