Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda edara-kärhanalaryň arasynda «Sagdyn bedende sagdyn ruh» atly woleýbol bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky sport mekdebinde ýaýbaňlandyryldy. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen bäsleşige «Berkararlyk», «Ýyldyz», «Bagtyýarlyk», «Arkaç», «Arçman», «Sümmül», «Akýaýla», «Parahatlyk» toparlary gatnaşdylar. Netijede «Ýyldyz» topary 1-nji, «Parahatlyk» 2-nji, «Bagtyýarlyk» 3-nji orunlary eýelediler.

Bäsleşikde ýeňiş gazanan toparlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

Döwletnazar BABANAZAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.