Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«AWAZANYŇ» AÝASYNDA

Myhmany güler ýüz bilen garşy almak pederlerimiziň bize goýan mirasy. Bu asylly ýol-ýörelge indi dünýäni özüne çekýär. Myhman gelse, gadyrly garşy alyp, saçagy giňden ýazýan türkmen halky ýakyn-u-alysdan gelýän dostlukly halklara dostuň dosta, goňşynyň goňşa nusgalyk sylag-hormatyny açýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçýän günlerinde toý lybasyna beslenen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäde ekologiýa taýdan arassa we gözel künjek hökmünde ýüreklere ýol salýar. Bu künjege myhman bolýanlar mähir bilen garşylanýar we bu ýeriň täsin ýerleri bilen tanyşdyrylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän her bir myhmanhanada we sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolanyňda, birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk işleriniň guramaçylykly ýola goýlandygy bada-bat ünsüňi çekýär. Hazaryň türkmen kenaryna ýaraşyk berýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde hem myhmanlara döwrebap hyzmat edilýär. Munda dynç alýanlar arassa kenarda gezelenç etmäge, bu ýeriň gözellikleri bilen tanyşmaga, welosipedli gezelenç etmäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezi 2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda şatlyk-şowhunyň astynda açylyp ulanylmaga berildi. Birbada çagalaryň 280-sini, ulularyň 120-sini kabul etmäge mümkinçiligi bolan sagaldyş merkezi ýylyň dört paslynda-da doly güýjünde hereket edýär. Merkeziň ähli otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylandygy bilen özüne çekýär. Ulular we çagalar üçin niýetlenen binalarda çagalar üçin oýun otaglary, internet-kafe, disko-bar, bilýard zaly, kitaphana, dynç alyş otaglary halkyň hyzmatynda.

«Daýanç» sagaldyş merkeziniň çäginde saglyk bölümi, medeniýet öýi, naharhana, şeýle hem woleýbol, futbol, basketbol, uly we kiçi tennis oýunlary üçin açyk we ýapyk sport toplumy bar. 280 çaga niýetlenen amfiteatr çagalaryň medeni çäreleriniň geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär. Çagalaryň suwa düşmegi we ýüzmegi üçin niýetlenen giň göwrümli, gyzdyrylan deňiz suwly howuz ýapyk binada ýerleşýär.

«Daýanç» sagaldyş merkeziniň saglyk binasynyň ikinji gatynda lukmanlaryň kabul edýän otaglary bolup, bu ýere gelýänlere diş bejerýän otag, ginekologyň otagy, fizioterpiýa we suw bejergisiniň birnäçe görnüşleri, parafinli we palçykly bejergiler, owkalama, mehaniki owkalama kreslosy we saglygy berkidýän hyzmatlaryň birnäçesi hödürlenýär.

Ogul­ge­rek Ju­ma­gel­di­ýe­wa:

— Ça­ga bag­ty­ýar bo­lan­da, ol sag­dyn ös­ýär. Sag­dyn nesiller biziň mähriban Watanymyzyň geljegi. Bagtyýar hem sag­dyn ne­sil­le­riň şat­ly­gy­na şa­ýat bol­ma­gyň özi uly bagt. Bi­zi şu eg­sil­mez bag­ta ýe­ti­ren Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris — di­ýip, ýü­rek joş­gu­ny­ny be­ýan et­di.

«Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň we da­şary ýurt­ly ra­ýat­la­ryň ýollanmalar we nagt ha­sap­la­şyk­lar esa­syn­da dynç al­şy­ny gu­ra­mak we sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­gy­na we wagt­la­ry­ny şat­lyk­ly ge­çir­me­gi­ne äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. Häzirki wagt­da «Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zi da­şa­ry ýurt­ly ça­ga­la­ryň hem dynç alýan, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän, olar bi­len köpçülikleýin halkara medeni we sport çäreleriniň guralýan ýe­ri­ne öw­rül­di. Aja­ýyp ke­nar­da ýer­leş­ýän mer­kez­de Türkmenis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li merke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň pu­dak­la­ýyn Ge­ňeş­le­ri­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­le­ri­niň okuw-mas­lahatlary yzygider guralýar. 2010-njy ýyldan bäri bu ýerde ýur­du­my­zyň ça­gy­ry­şy bo­ýun­ça 60-dan gow­rak döwlet­den çagalar gelip dynç aldylar we saglyklaryny berkitdiler.

Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilen medeni we sport çä­re­le­ri­ni, hal­ka­ra ça­ga­lar fes­ti­wal­la­ry­ny ýatla­nyň­da, bu ýe­riň ça­ga­la­ryň we ulu­la­ryň dost­laş­ýan, do­gan­laş­ýan, tej­ri­be­le­riň artýan, tä­ze-tä­ze müm­kin­çi­likleriň açylýan mekanyna öwrülendigi barada ýakymly pikirler seriňe dolýar.

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­n­da go­ja­man Hazaryň tolkunlarynyň sesi her bir adamy özüne maýyl edýär. Deňiz tolkunlarynyň ajaýyp owazyna gulak goýýarsyň. Şonda ol jadyly owazlar kalbyňy täsin duýgulara gap­la­ýar. Ol owaz hem­me­le­ri özüne im­rin­dir­ýär. Ha­wa, bu deňiz tolkunlarynyň hiň­len­ýän «Awa­za» mu­ka­my­nyň gudraty bolup dünýä dolýar.

 

Amangül NURMYRADOWA,

«Watan». «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.