Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň­le­ri, ha­ly­çy­lar, ýa­şu­lu­lar we ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da türk­men ha­ly­sy, ha­ly­çylyk sungatynyň şu günlerimize gelip ýetişi, Berkarar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bu sun­ga­tyň çeper elli halyçylarymyz tarapyndan kämilleşdirilişi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu aja­ýyp sunga­ta — türkmen ha­ly­sy­na ba­gyş­la­nan «Jan­ly ro­wa­ýat» ki­ta­by­nyň äh­mi­ýe­ti barada çy­kyş et­di­ler. Çäräniň dowamynda asuda durmuşda ýaşamaga, işlemäge, okamaga döredilen mümkinçilikler barada gürrüň edilip, hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz hoşallyk bildirildi.

Etrap merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşlary dabara özboluşly bezeg ber­di. Çärä­niň do­wa­myn­da öň­de­ba­ry­jy ha­ly­çy­la­ra sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Sapargül WEKILOWA,

Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.