Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALYPANYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle zamanabap bilim-terbiýe bermegiň ýokary hil derejelerine çykan döwri boldy. Ýurdumyzda umumy orta bilimiň berlişi babatda göreldeli okuw-usuly merkezi derejesine eýe bolan orta mekdeplerimiz hem ýüze çykdy.

Baharyň ýylgyrýan keşbiniň ähli janly-jandara täze ruhubelentlik berýän, ýurdumyzda nobatdaky okuw ýylynyň tamamlaýjy tapgyra aýak basýan pursatlary biz hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 27-nji orta mekdepde bolup, bu okuw ýylynda ösüp gelýän ýaş nesle bilim hem-de terbiýe bermek babatda amala aşyrylan okuw-usuly işler, öňde duran gutardyş we synpdan-synpa geçiriş synaglaryna görülýän taýýarlyklar barada söhbetdeş bolduk.

«Täze mekdep Berdimuhamet mugallymyň hut öz ýaşan howlusyndan gurlandyr» diýen jümleler ildeşlerimize bireýýämden bäri mälimdir.

Mekdep binasynyň eýwanyndaky edermen esger, talapkär mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeliniň öňünde aýak çekeniňde, mugallymyň okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olary ilhalar adamlar edip terbiýelemekdäki halal zähmeti barada oý-pikirler kalbyňa dolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanyndaky: «Berdimuhamet Annaýew çagalara diňe sowatly okamagy we ýazmagy öwretmän, bilim bermän, eýsem olaryň kalbyna jemgyýetde özüňi mynasyp alyp barmagyň endiklerinem guýýardy. Ol çagalarda diňe bir uly adamlara däl, eýsem öz deň-duşlaryna-da hormat bilen we aýawly garamagy terbiýeleýärdi» diýen jümleler bu aýdylanlaryň hakykatdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz bilen bu ýere gelen Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýrammuhammet Öwezgeldiýew:

— Biz bu ýerde medeni we sport çärelerini yzygider guraýarys. Dürli baýramçylyklarda, belli senelerde Berdimuhamet mugallymyň durmuş ýoluna, mugallymçylyk tejribesine bagyşlanan duşuşyklar geçirilýär. Duşuşyklaryň täsirli bolmagy üçin okuwçylar hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlaryndan bölekleri okaýarlar. Bular ýaş nesilleriň pederlerimiziň milli ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsir edýär — diýip, aýratyn nygtady.

2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ýaş nesillere gapysyny giňden açan bu mekdebiň agzybir mugallymlary we bilim işgärleri ýaşlara bilim we terbiýe bermekde göreldeli zähmet çekýärler. Mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Annagözel Çaryýewa:

— Jemlenip barýan okuw ýylynda mekdepde 581 sany okuwçy bilim aldy. Olara 27 sany mugallym bilim we terbiýe berdi. Bu işde bize halypa mugallym, tejribeli bilim işgäri Berdimuhamet Annaýewiň zähmet ýoly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Öwezmyrat Agalyýew, taryh mugallymy Ogulgerek Germanowa, matematika mugallymy Mährijemal Garýagdyýewa, rus dili mugallymy Ogulşat Durdyýewa, bedenterbiýe mugallymy Öwezdurdy Şadurdyýew, başlangyç synp mugallymlary Gülşat Meredowa, Dünýägözel Agamyradowa okuwçylara bilim we terbiýe bermek işinde kärdeşlerine görelde bolýarlar — diýip gürrüň berdi.

Annagözel mugallymyň gürrüň berşi ýaly, mekdebiň okuwçylarynyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň ders we taslama bäsleşiklerinde netijeli orunlara mynasyp bolmagy mugallymlaryň işe bolan yhlasyny has-da artdyrýar. Mekdebiň zamanabap kompýuter, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, synp otaglarynyň okuw dersleriniň talaplaryna görä enjamlaşdyrylmagy, mugallymlaryň hünärlerini kämilleşdirmegi okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe bermekde açylan giň mümkinçiliklerdir. Ähli baýramçylyklarda halypa mugallymlar bilen okuwçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Duşuşyklarda Berdimuhamet mugallymyň ömür ýoly, nesillere bilim we terbiýe bermekdäki nusgalyk işleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Munuň özi ýaş mugallymlaryň tejribesiniň artmagyna we okuwçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsir edýär.

Mekdebiň mugallymlary bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň gündelik bilim we terbiýeçilik, okuw-usuly işlerde ýakyn gollanma bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň nesil terbiýesindäki gymmatly orny barada buýsançly gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eseriniň okuwçylaryň milli ruhda terbiýelenmegine we Watan mukaddesligi, ene mähribanlygy barada düşünjeleriniň hasda kämilleşmegine ýetirýän täsirini biz bilen paýlaşdylar. Mekdepde halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilýär. Ugurdaş dersler boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň çäginde ýaş mugallymlary tejribeli mugallymlara şägirtlige berkidilip, sapaklaryň talabalaýyk guralmagy gazanylýar. Başlangyç synp mugallymy, mekdebiň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň ýolbaşçysy Gülşat Meredowa okuwçylara döwrebap bilim hem terbiýe bermekde, ýaş mugallymlara halypaçylyk etmekde görelde görkezýär. Başlangyç synp otaglarynyň görkezme esbaplary, degişli diwarlyklar bilen doly enjamlaşdyrylandygy bada-bat ünsüňi çekýär.

Başlangyç synp okuwçylaryna berilýän bilimiň binýadynyň berk bolmagy, olaryň geljekde aljak bilimleriniň özeni bolup durýar. Mekdepde başlangyç synp okuwçylaryna oýunlaryň üsti bilen tebigata söýgi döretmäge, tapmaçalaryň üsti bilen pikirlenmek ukybyny ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmen dili sapaklarynda okuwçylara gysgajyk sözlük diktantlaryny ýazdyrmak bilen, ýazuw endikleri ösdürilýär.

Şol gün türkmen dili we edebiýat mugallymy Öwezmyrat Agalyýew 9-njy synpda edebiýat dersinden «Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romany» diýen tema boýunça açyk-görelde sapagyny guraýan eken. Okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşygyny göreniňde, olaryň Berdimuhamet mugallymyň Watan goragynda geçen gahrymançylykly ýoly, mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy barada giň düşünje alandyklaryny aňmak bolýardy. Öwezmyrat mugallym sapakdan soň:

— Berdimuhamet Annaýewiň nesil terbiýesi, watansöýüjilik babatda goýan göreldesi biz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Biz okuwçylara şol nusgalyk ýol esasynda bilim-terbiýe berýäris. Hatda başlangyç synp okuwçylarymyz hem Berdimuhamet Annaýewiň 1949-njy ýylyň 2-nji martynda «Hormat Nyşany» ordeni bilen sylaglanandygyny buýsanç bilen aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynda Berdimuhamet mugallymyň ýaşlara halypalyk tejribesi barada-da baý maglumatlar bar. Onda Berdimuhamet mugallymyň ýaş kärdeşleri üçin açyk sapaklaryň birnäçesini gurandygy, sapakdan soňra mugallymlar otagynda sapagyň gidişiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada gyzykly pursatlar beýan edilýär. Şonda Berdimuhamet mugallymyň okuw işi guralanda okuwçylaryň häsiýetlerini hökmany suratda göz öňünde tutmalydygy barada telim ýola nygtandygy aýdylýar. Bu biziň şu günlerki işimizde-de zerur bolup durýar — diýip, gürrüň berdi.

Mekdebiň 7 — 11­-nji synp okuwçy gyzlaryny özünde jemleýän «Näzli» gyzlar birleşmesine Gyzylgül Akadowa ýolbaşçylyk edýär.

— Gyzlaryň edep­-terbiýeli, eli hünärli bolmagyna, milli tagamlary taýýarlap bilmegine aýratyn üns berýäris. Milli baýramçylyklarda gyzlaryň arasynda dürli bäsleşikleri guraýarys. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda el hünäriniň bäsleşigi geçirilýär. Gyzlara nagyşlaryň many-mazmuny barada-da düşünje berýäris. Munuň özi olaryň el hünärine bolan höwesini artdyrýar. Nowruz baýramynda okuwçy gyzlar milli tagamlary taýýarlamakda özara bäsleşdiler. Şonda gyzlaryň gündelik zerur bolan tagamlary taýýarlamaga ezberligi ýüze çykdy. Gyzlar bilen eneleriň, lukmanlaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda, duşuşyklary guraýarys. Olarda gyzlaryň edep-terbiýeli bolmagy, köpçülikde özlerini tertipli alyp barmalydyklary barada gürrüň edilýär. Edep-terbiýäniň gyzlary has-da bezeýändigi dogrusynda durmuş wakalary bilen baglanyşykly söhbetlere giň orun berilýär.

Okuwçy gyzlar bilen alyp barýan işlerimiziň barşynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan: «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem», «Gyz edebi — il edebi», «Gyz gylygyndan söýdürer» diýen parasatly jümleleriň many-mazmuny barada giňişleýin düşünje berýäris. Munuň özi gyzlaryň gündelik durmuşda özlerini tertipli alyp barmaklaryna oňyn täsir edýär — diýip, Gyzylgül mugallym gürrüň berdi.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Usuly merkezi hereket edýär. Bu merkezde Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan tassyklanylan dürli görkezme esbaplary, maksatnamalar, okuw maksatnamasy bilen tanyşdyryş çäreleri geçirilýär. Usuly merkezde, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda, usuly-amaly maslahatlar geçirilýär. Maslahatlaryň çäginde mugallymlardyr bilim işgärleri orta mekdepde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim we terbiýe bermek bilen bagly işleri usuly hemde guramaçylyk taýdan kämilleşdirmek barada özara pikir we tejribe alyşýarlar. Ýakynda bu ýerde orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly bilim ulgamyna geçmegiň aýratynlyklary barada usuly maslahat guraldy. Onda sanly bilim ulgamynyň nesillere döwrebap bilim bermekde täze rowaçlyklara ýetirjekdigi barada buýsançly gürrüň edildi. Mekdebiň mugallymlary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň bilim işgärleriniň arasynda guralýan usuly-amaly maslahatlara, awgust we ýanwar maslahatlaryna gatnaşyp, halypa mugallymlaryň usuly çykyşlaryny diňleýärler. Öz iş tejribeleri boýunça çykyş edýärler. Bular mugallymlaryň usuly tejribesiniň artmagyna, hünär derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýär. Netijede, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk bilim berilýär, olar milli ruhda terbiýelenilýär.

Mekdebiň kitaphanasyna baranyňda, bu ýeriň okuwçylaryň iň gelim-gidimli ýeridigine nazaryň düşýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna gözüň düşende, bu ajaýyp eserleriň mugallymlaryň hem okuwçylaryň ýakyn gollanmasydygyna göz ýetirýärsiň.

Mekdebiň muzeýi bu ýere gelýän myhmanlara gujak açýar. Otagyň görnükli ýerinde, diwaryň ýüzünde Berdimuhamet Annaýewiň keşbi bilen egin deňläp oturan meşhur Kel bagşynyň — Allaberdi Aýdogdy oglunyň, Öwezbaýyň, meşhur türkmen alymlary Bibi Pälwanowanyň, Aman Hanberdiýewiň, estrada hem opera aýdymçysy Annagurban Annarejebowyň keşpleriniň huzuryna baranyňda, Yzgant obasynyň şeýle adamlary ýetişdirendigi barada ýakymly oý-pikirlere berilýärsiň. Bu obadan ýetişen meşhur şahsyýetleriň milli bilimiň we milletiň medeni-ruhy dünýäsiniň wekilleri bolandygy hakynda oýlanýarsyň.

Mekdepde näçe eglendigiňçe, şonça-da ýakymly wakalaryň şaýady bolýarsyň. Çünki bu mekdep Berdimuhamet mugallymyň öýi hem-de mekdebi. Muňa edermenligiň, maksadaokgunlylygyň, päk ahlaklylygyň, watansöýüjiligiň siňendigi mese-mälim duýulýar. Berdimuhamet mugallymyň halkynyň ykbalyna bagyşlan işleriniň — watansöýüji ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilen zähmetiniň bu gün öz datly miwesini berýändigi ruhuňy göterýär.

Ynha-da, ýakyn günlerde, bütin ýurdumyzdaky ýaly, bu ýerde hem okuw ýylyny jemleýän «Soňky jaň» dabarasynyň şatlyk-şowhuny ýaňlanar. Şonuň bilen hem geçen okuw ýylynyň jemlerine bagyşlanan gutardyş hem-de synpdan-synpa geçiriş synaglary başlanar. Ol diňe bir okuwçylaryň bilimler dünýäsinde ýeten üstünlikleriniň jemi bolmak bilen çäklenmän, ýaş nesliň aňyna guýlan watançylyk terbiýesiniň, belent adamkärçilik ýörelgeleriniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanmasy bolar.

 

Amangül NURMYRADOWA,

«Watan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.