Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KUWWATLY SOWADYJY DESGA

Halkara Bitaraplyk güni baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde gök, bakja we miwe önümlerini terligine saklamak üçin niýetlenen döwrebap sowadyjy ammaryň açylyş dabarasy boldy. Şäheriň 2-nji senagat-söwda zolagynda dört gektar meýdany tutýan täze desganyň ulanylmaga berilmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze desga şäheriň alkymyndaky Çärjew, Saýat, Dänew, Farap etraplarynyň daýhanlarynyň önümlerini tabşyrmaklary üçin örän amatlydyr.

Bu Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli uly senagat sowadyjylarynyň ikinjisi bolup, onuň göwrümi ozalkysyndan ep-esli uludyr. Welaýat merkezinde mundan sähelçe wagt öňräk gurlup ulanylmaga berlen ilkinji şeýle desga önümleriň 1000 tonnasyny saklamaga niýetlenilen bolsa, täze sowadyjy ammarda gök, bakja we miwe önümleriniň 3000 tonnasyny ter hem-de uzak wagtlap saklamaga amatly şertler we mümkinçilikler döredildi. Sowadyjy zerur bolan howany kadaly ýagdaýynda saklamagyň temperatura düzgünli sowadyjy bölümleriniň 22-sinden ybaratdyr. Amatly temperatura ýagdaýy awtomatlaşdyrylan sazlaýjylar arkaly gazanylýar. Sowadyjynyň binasynda zähmeti köp talap edýän ähli işler awtomatlaşdyryldy we mehanizmleşdirildi.

Azyk önümleriniň döwrebap ammary häzirki zaman ýükleýji we düşüriji tehnikalar hem-de ýük galdyryjy mehanizmler bilen üpjün edildi. Desganyň ulanylmaga berlen gününde hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen göterijilik kuwwaty 5, 10 we 20 tonna bolan Ýaponiýanyň meşhur kompaniýasynyň ýük ulaglarynyň hem 8-si dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabarada çykyş edenler Lebapda hem, beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, gök we bakja ekinleriň önümleri, miweler hem-de ir-iýmişler bilen ilaty bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesiniň oňyn çözülýändigini buýsanç bilen bellediler. Şu günlerde hem gyş paslydygyna garamazdan, bu önümleriň dürli görnüşleri welaýatyň söwda nokatlarynda ilata bolluk bilen hödürlenilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, pomidor, hyýar, kelem, sogan, gawun-garpyz we beýleki gök-bakja ekinleriniň önümleriniň dürli görnüşleri ýeterlik derejede öndürilip, bazarlarda olaryň bolçulygy döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, welaýatyň gök ekerançylarydyr bagbanlary we bakjaçylary her ýylda bol hasyl ýygnaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň bereketli topragymyzdan ýylda iki-üç hasyl almak barada öňde goýan wezipeleri hem üstünlikli amal edilýär. Daýhanlar bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda şaly we başga-da köp sanly aralyk ekinleri ekýärler. Munuň özi azyk bolçulygynyň üstüni ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň esasy öňde goýan wezipesi hem gök we bakja önümleri bilen ilaty ýylyň dowamynda üpjün etmekden ybaratdyr.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda welaýatyň ekerançylary ýeralma we gök-bakja ekinlerini 5120 gektar meýdanda ekip, olaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. 1135 gektar meýdandan ýeralmanyň 15 890 tonnadan gowragy ýygnaldy. Şeýle-de 545 gektar ýerden 13625 tonna pomidor, 50 gektar ýerden 1000 tonna hyýar, 660 gektar ýerden 16500 tonna sogan, 180 gektar ýerden 4500 tonna kelem, 450 gektar ýerden 800 tonna käşir we 2100 gektar ýerden 42 müň tonna bakja önümlerini ýygnamak barada meýilnamalar hem artygy bilen berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu önümleri welaýatyň ýaşaýjylaryna ýylyň dowamynda terligine we yzygiderli ýetirmek üçin amatly şertler döredilýär. Ine, şu ulanylmaga berlen desga hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Bu ýerde getirilýän önümleriň hil derejesini kesgitleýän ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýörite barlaghana hem işleýär. Täze ammary «Gök zemin» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylaryň onlarçasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwrebap desga welaýatyň ekerançylaryny, şeýle hem bagtyýar ýaşaýjylaryny çäksiz begendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaklary, şonuň bilen birlikde öndürilen önümleriň ilata terligine ýetirilmegi üçin döredip berýän amatly şertleri saçaklarymyzda azyklyk önümleriň bolçulygynyň kepilidir. Munuň üçin welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza ýürekleriniň töründen çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

 

Babamyrat ŞÜKÜROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.