Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan häzirki ajaýyp bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň merdana, zähmetsöýer babadaýhanlarynyň döwletimiz tarapyndan uly alada we goldaw bilen gurşalandygyny aýratyn belläsim gelýär.
Tagtabazar etrabynyň öňdebaryjy hojalyklarynyň biri hem tejribeli oba hojalyk işgäri Aşyr Bekiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Ýaşlyk» daýhan birleşigidir. Guramaçy ýolbaşçynyň başda durmagynda hojalygyň ekerançylary «ak altynyň», guşgursak bugdaýyň bol hasylly bolmagyny gazanýarlar.
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda milli mirasymyzy öwrenmek, şan-şöhrata beslenen geçmişimizi dünýä ýaýmak, ruhy gymmatlyklarymyzy wagyz-nesihat etmek möhüm meseleligine galýar.
Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň kitaphanasynda geçirilen duşuşyk «Kitap — gymmatly hazyna» diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi.
Wekilbazar etrap medeniýet öýünde etrap zenanlar geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýylyň başyna yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa eli çeper gelin-gyzlar gatnaşdylar.