Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KITAPHANADAKY DUŞUŞYK

Bä­her­den et­ra­byn­da­ky 30-njy or­ta mek­de­biň ki­tap­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk «Kitap — gym­mat­ly ha­zy­na» diý­lip at­lan­dy­ryldy. TMÝG-niň et­rap ko­mi­te­ti­niň, ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň kär­deşler ar­ka­la­şy­gy­nyň et­rap Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gurama­gyn­da bo­lan du­şu­şy­ga mek­dep ki­tap­ha­na­çy­la­ry, şeý­le-de bi­lim iş­gär­le­ri gatnaş­dy.

Du­şu­şyk­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şi, ki­tap­ha­na işi­ne be­ril­ýän üns hem-de mek­dep ki­tap­ha­na­la­ryn­da oky­jy­la­ra döw­re­bap hyz­mat et­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň edil­di. Onuň bar­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň okuw ki­tap­la­ry bi­len birlikde, dür­li çe­per ede­bi­ýat­la­ry, sy­ýa­sy ne­şir­le­ri çap et­mek ug­run­da ed­ýän tagallala­ry ba­ra­da nyg­ta­lyp, ýaş nes­le ýo­ka­ry wa­tan­sö­ýü­jilik, päk ah­lak­ly­lyk ruhunda bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek­de ki­tap­la­ryň or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di.

Du­şu­şyk­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da ki­ta­by köp oka­ma­gy ün­de­megiň, ki­tap­da be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ry, ta­ry­hy wa­ka­la­ry öw­ret­me­giň, çe­per eser­dä­ki dur­muşy kys­sa­ny özleşdir­me­giň peý­da­sy­ny ola­ra dü­şün­dir­me­giň wa­jyp äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy ba­ra­da hem aý­dyl­dy.

Du­şu­şyk­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­la­my­na de­giş­li ki­tap­laryň baý ma­ny-mazmuny, bu gym­mat­ly eser­le­re oky­jy­la­ryň çäk­siz gy­zyk­lan­ma­sy ha­kyn­da-da gürrüň edil­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar aja­ýyp şert­ler­de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge äh­li amat­lyk­la­ry döre­den­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

 

Sapargeldi SAPAROW,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.