Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

USSAT BAGBANLARYŇ BÄSLEŞIGINDE

ÖŇŇIN Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gä­mi oba­sy­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de “Us­sat bag­ban” at­ly hü­när bäs­leşi­gi­niň we­la­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: “Tebiga­ty söý­mek, ene top­ra­gy söýmek — bu eziz Di­ýa­ry­ňy, mäh­riban Wa­ta­ny­ňy söý­mek­dir! Wa­ta­na bo­lan söý­gi bi­ziň äh­li üs­tün­lik­le­rimi­ziň we ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň gözba­şydyr!” di­ýen söz­le­rin­den ugur alnyp, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arkalaşyklary­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistrli­gi­niň hem-de “Be­re­ket­li top­rak” ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bilelikde yg­lan eden bäs­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na we­la­ýa­ty­my­zyň etraplaryndan us­sat bag­ban­lar gat­naş­dy. Ony Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arkalaşykla­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si gu­ra­dy.

Bäs­le­şi­gi syn­la­ma­ga ge­len ildeş­le­ri­miz, il­ki bi­len, me­de­ni ojagyň eý­wa­nyn­da­ky özüne çe­ki­ji toma­şa­la­ry syn­la­dy­lar. Ol ýer­de Ak bug­daý et­ra­by­nyň me­de­ni­ýet merke­zi­niň du­tar­çy bag­şy­la­ry­nyň ýe­rine ýe­tir­me­gin­de mil­li aý­dym-sazlar ýaň­lan­dy. To­ma­şa­çy­lar gö­wün gö­te­ri­ji çy­kyş­lar as­tyn­da bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan gura­lan agaç na­hal­la­ry­nyň we be­zeg gülle­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Ser­gi bagban­la­ryň kä­ri­ne bo­lan us­sat­ly­gy­nyň be­ýa­ny bo­lup, ýakym­ly duý­gu­la­ry peş­geş ber­di. Ak bug­daý et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­nasy­nyň ki­tap ser­gi­si, Türk­me­nis­tanyň Mil­li “Ak bug­daý” mu­ze­ýi­niň gym­mat­lyk­la­ry­nyň ser­gi­si bu ýerdä­ki şü­we­le­ňe öz­bo­luş­ly ma­ny çaý­dy.

Ol ýer­de bäs­le­şi­giň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şyjy­lar onuň şert­le­ri bilen ta­nyş­dy­ryldy. Şon­dan soň­ra bäs­le­şik baş­la­dy we oňa gat­na­şy­jy­lar de­giş­li şertler bo­ýun­ça çy­kyş et­di­ler. Bag­ban­laryň önüm­çi­lik­de dö­re­di­ji­lik ukypla­ry­ny golda­mak, ola­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­te hö­we­si­ni ýokar­lan­dyr­mak, us­sat bagban­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, hö­wes­len­dir­mek, şeý­le-de eziz Di­ýa­ry­my­zyň gö­zel tebiga­ty­na söý­gi­ni art­dyr­mak, topra­gyň bo­zul­ma­gy­nyň öňü­ni al­maga, at­mos­fe­ra howa­sy­ny kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­ýan we beý­le­ki birnä­çe peý­da­ly hä­si­ýet­li dür­li agaçla­ryň kö­pel­me­gi­ne ýar­dam et­mek, ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak baba­tyn­da alnyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­ty wa­gyz et­mek, ýur­du­my­zyň aja­ýyp te­bi­ga­ty­nyň biodürlüligi­ni go­rap sak­la­mak ba­ra­da öwüt-ün­dew işle­ri­ni alyp bar­mak mak­sa­dy bilen ge­çi­ri­len bäs­le­şik diý­seň tä­sir­li boldy.

Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da bag­bançy­lyk­da baý tej­ri­be­si bo­lan us­sat­lar öz­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri dog­rusyn­da tä­sir­li gür­rüň ber­di­ler. Olar ha­ly­pa-şä­girt­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýerip, de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýan­dykla­ry, öz­le­ri­ne ber­ki­di­len ýer­ler­de zäh­me­ti goramak bo­ýun­ça zähme­tiň howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ryny, düz­gün­le­ri­ni, gözükdirme­le­ri­ni ber­jaý ed­ýän­dik­le­ri, ýa­şyl zo­lak­larda­ky bag­la­ry ýan­gyn­dan, kesellerden, zy­ýan­keş­ler­den go­ra­mak­da ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan we hä­zir­ki za­man öň­de­ba­ry­jy usullar­dan peý­da­lan­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da diý­seň gy­zyk­ly we manyly gür­rüň ber­di­ler. Bu ýer­de bag­ban­la­ryň ýer­ler­de alyp bar­ýan iş­le­ri­ni be­ýan ed­ýän wi­deo­şe­kil­le­re hem to­ma­şa edil­di. Mu­nuň özi öm­rü­ni asyl­ly we ar­zy­ly kä­re ba­gyş et­me­gi mü­wes­sa bil­ýän us­sat bag­ban­la­ryň iş-ala­dala­ry bi­len ýa­kyn­dan tanyşma­ga özbo­luş­ly müm­kin­çi­lik bol­dy.

Bäs­le­şi­giň ahy­ryn­da emin­ler topa­ry ta­ra­pyn­dan ýe­ňi­ji­ler kes­gitlen­di. On­da “Kärende­çi bag­ban” ug­ry bo­ýun­ça Ak bug­daý et­ra­byndan Ýu­sup Bä­şi­mow, “Tokaýçy bag­ban” ug­ry bo­ýun­ça Gök­de­pe et­ra­byn­dan Ju­ma­mu­ham­met Anna­ýew ýe­ňi­ji bo­lup, döw­let de­re­jesin­dä­ki jem­leý­ji bäs­le­şi­ge gat­naşma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji­le­re we bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ra Türkme­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­lary­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si ta­ra­pyndan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.