Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARÇMAN SAPALY HEM ŞYPALY MEKAN

Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýan «Arçman» Köpetdagyň gözel künjeginde, Aşgabatdan 130 kilometr günbatarda ýerleşýär. Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar köp wagtdan bäri bellidir. Şypahananyň özi ýüz ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylyp, ol ýerli ilatyň, ýakyn we alys ýurtlardan bolan myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen durkuny düýpli täzelemek işlerinden soň, ol tutuş ýylyň dowamynda müşderileri kabul etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Ynsan saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen güneşli Diýarymyzda saglyk ulgamy ösýär, özgerýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda bina edilen, şeýle hem durky bütinleý täzelenip, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen, bejeriş edaralarydyr şypahanalarda raýatlara döwrebap saglyk hyzmatlary ýola goýuldy. Şeýle melhem ojaklarynyň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän meşhur Arçman şypahanasydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň çäginde gurlup ulanylmaga berlen, şeýlede durky bütinleý täzelenen bejeriş edaralarydyr şypahanalarda halkymyza edilýän ýokary hilli saglyk hyzmatlary il-günümiziň kalbynda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan hormaty we söýgini hasda belende göterýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda il içinde giňden meşhur Arçman şypahanasynda ýurdumyzyň çar künjeginden gelip, saglygyny bejerdýän hem-de dynç alýan adamlaryň sany barha köpelýär. Häzirki wagtda bu ýerde ildeşlerimiziň döwrebap dynç alyp, öz saglyklaryny bejertmekleri üçin doly mümkinçilikler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen soňky ýyllarda bu şypahananyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi.

Mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen kaşaň, 920 orunlyk melhem suwlary bilen bejeriş merkezi häzirki wagtda il-günümize we daşary ýurtly myhmanlara göwnejaý hyzmat edýär. Arçman şypahanasynyň döwrebap binasy anyklaýyş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybaratdyr. Bu ýerde anyklaýyş bölümi, rentgen, ultrases, ýürekdamar barlaglary we beýleki döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Saglyklaryny berkitmäge gelen raýatlarymyza lukmanlar göwnejaý maslahatlary berýärler. Şeýle-de, onda kliniki hem-de biohimiki barlaghana ýerleşýär. Şypahanada tebigy çeşmeden çykýan melhem suw arkaly bejermek bilen birlikde, owkalama, iňňe usuly, bedenterbiýe we dürli ugurly bejeriş otaglary bar. Mundan başga-da, şypahanada dynç alýanlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary hem hereket edýär. Kämil enjamlar şypahana gelýän raýatlaryň saglygyny berkitmäge, keselleri doly anyklamaga ýardam edýär. Arçman şypahanasynda esasan adamyň iýmit siňdiriş ýollary, deri keselleri, nerw ulgamlarynyň bozulmalary bejerilýär. Şypahananyň jana şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli hlory, natriý, kalsiý, magniý ýaly himiki elementleri özünde jemleýär. Bu ýerde suwuň gyzgynlyk derejesi ýylyň dowamynda 28 — 50 gradusa ýetýär. Şypahanada ýerleşýän dermanhananyň işi hem talabalaýyk ýola goýlupdyr. Melhemler mekanynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda beýan edilen dermanlyk otlaryň dürli görnüşlerinden çaýyň taýýarlanyp, ildeşlerimize hödürlenilýändigini hem bellemek gerek. Guwanç bilen bellemeli zat, şypahanada zähmet çekýän lukmanlaryň hem-de saglygyny dikeltmäge gelýän adamlaryň ýurdumyzda saglyk ulgamyny dünýä derejesine çykarmak we ösdürmek babatda beýik aladalary edýän hormatly Prezidentimize alkyşy çäksiz.

 

Parahat KAKAJAÝEW,

Saglygy gora­ýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň balygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.