Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SÖWDA WE ONUŇ GORAGLYLYGY

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, adam we onuň hukuklarynyň goraglylygy babatda edilýän aladalary ýurdumyzda alnyp barylýan her bir işde görmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — ro­waç­ly­gyň Wa­tany» ýylynda ýurdumyzda raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hem-de söwda işgärleriniň öňünde goýulýan wezipeleri doly we üstünlikli durmuşa geçirmek, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, halkyň önümlere bolan islegini artdyryp, olary doly kanagatlandyrmak bilen bagly raýatlaryň hukuk gatnaşyklary: satyn almak, satmak, alyş-çalyş ýaly ýeňillikli işler sanardan kän.

Türkmenistanda söwda işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň guramaçylyk esaslary we ýörelgeleri 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen goralýar. Söwda gatnaşyklary kanun tarapyndan goralýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň raýat hukugyna degişli bolanlaryň arasynda iň köp gabat gelýänleriň biridir. Söwda-fiziki we ýuridik şahslaryň telekeçilik işiniň harytlary satyn almagyň, satmagyň amala aşyrylmagy, şeýle hem işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti boýunça hyzmatlaryň edilmegi bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryna uly üns berýär.

«Söwda işi hakynda» we «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary söwda gatnaşyklary bilen bir hatarda lomaý söwda, bölek söwda, jemgyýetçilik iýmiti, söwda hyzmatlary, söwda ulgamy, söwda meýdany, söwda işiniň subýektleri, haryt, şertli çyzyk ýaly gatnaşyklary hem öz içine alýar. Söwda gatnaşyklary kanun tarapyndan goralýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň bolelin ýaşamaklary ugrunda edýän aladalaryna jogap edip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasy boýunça ýurdumyzyň söwda ulgamynyň ösmegi babatda üstünlikli işler alnyp barylýar. Kärhananyň işgärleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde geçirilýän «Ýylyň iň oňat kärhanasy» bäsleşigine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

«Türkmenis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynda bagtyýarlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşleriniň we özgerişleriniň belent derejelerine alyp barýan hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň söwda işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

 

Amangül DADAÝEWA,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.