Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEHNIKALAR MÖWSÜME TAÝÝAR

Oba hojalygynda möhüm ähmiýetli iş bolan pagta ýygymy we güýzlük däne ekişi möwsümi ýetip geldi. Bu işde daýhanlaryň daýanjy bolan oba hojalyk tehnikalaryna aýratyn uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri irki möhletlerde ýaýbaňlandyryldy. Iş öndürijiligi ýokary bolan kuwwatly tehnikalaryň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy ekinlere ideg etmegiň, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Hut şondan ugur alyp, pagta ýygymy möwsüminde işlejek pagta ýygýan maşynlary, güýzlük bugdaý ekişinde dürli kysymly sürüm traktorlaryny, ekiji tehnikalary abatlap, möwsüme taýýar etmäge uly ähmiýet berildi. Bu işde kärhanada bar bolan ussahanalaryň işçileri aýratyn yhlaslylyk bilen zähmet çekdiler. Netijede, «Jon Deer» kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 14-si, MH-1,8 kysymly tirkeg pagta ýygýan maşynlaryň 17-si, bugdaý ekijileriň 28-si, dürli kysymly sürüm traktorlarynyň 73-den gowragy möwsüme doly taýýar edildi. Bu işde ussalaryň uly topary gaýratly işledi. Olardan Hajymyrat Babaýew, Tirkeş Bugraýew, Röwşen Rejepow, işçilerden Myrat Hojageldiýew, Ýusup Piriýew, Nurgeldi Babaýew aýratyn tapawutlandylar.

Şeýle hem bu möhüm möwsüm bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy düzüldi. Onda işiň ilerlemegine oňaýly täsir etjek guramaçylyk çärelerine giň orun berilýär.

 

Parahat MENGELIÝEW,

Akdepe etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.