Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan uly-uly özgerişlikleri wagyz etmek, kärdeşler arkalaşyklarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we gaznaçylary bilen okuw maslahaty geçirildi. Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty netijesinde, döwletimizde alnyp barylýan işler dogrusynda we kärdeşler arkalaşyklarynyň işlerine degişli kada-kanunlar barada gürrüň edildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan howpsuz zähmet şertlerini guramakda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmelidigini belläp geçdiler.

Maslahatda işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Kerim GERMANOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.