Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI WAKA BOLAR

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pä­him-paý­has, ýi­ti öň­den­gö­rü­ji­lik hem-de ba­tyr­gaý­lyk bi­len alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty, il-ýurt bäh­bit­li, döwlet äh­mi­ýet­li ka­bul ed­ýän Per­man­lary­dyr Ka­rar­la­ry ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän halky­my­zyň ata Wa­ta­ny­my­za bo­lan çäksiz gu­wanç hem buý­sanç duýgularyny has-da art­dyr­ýar. Ol ta­ry­hy res­mi­nama­lar­da anyk we­zi­pe­ler kesgitlenilip, tä­ze, has be­lent sep­git­le­re ýet­mä­ge ynam­ly ba­dal­ga be­ril­ýär. Döw­let Baştu­ta­ny­myz şeý­le hem mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň bin­ýat­lyk pu­da­gy bo­lan ne­bit­gaz ul­ga­my­nyň bar bo­lan mümkin­çi­lik­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ma­gy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka toplumy­na ma­ýa go­ýum­lary­ny has-da iş­jeň çek­me­gi, önüm­çi­lik çyk­da­jy­la­ry­ny azaltma­gy hem he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tek­li­bi bi­len, şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da eziz Di­ýa­ry­myzda ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar ykdysady forumyn­da beý­le­ki mö­hüm ugur­lar bilen bir ha­tar­da, ne­bitgaz ulgamyndaky öza­ra bäh­bit­li, hal­ka­ra de­re­je­dä­ki hyzmat­daş­lyk­la­ra ba­dal­ga beriljekdigine türk­men ne­bit­çi­le­ri bo­lan biz pug­ta ynan­ýa­rys. As­lyn­da, dün­ýä döwlet­le­ri bi­len ýo­la go­ýul­ýan kö­pu­gur­ly, ne­ti­je­li we öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyzmatdaş­lyk türk­men hal­ky­nyň ga­dym­lardan du­ry göz­baş al­ýan ýol-ýö­rel­ge­le­riniň döw­re­bap ýü­ze çyk­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Ha­zar deň­zi­niň türk­men kena­ry ju­da gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da di­ňe bir bi­ziň ýur­du­myzyň däl, eý­sem, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýeti­niň ös­me­gi­ne hem tä­sir ed­ýän iri kär­ha­na­la­ryň, des­ga­la­ryň, şeý­le hem ulag-üs­ta­şyr lo­gis­ti­ka­sy­nyň mer­ke­zi hök­mün­de äh­lu­mu­my yk­rar­na­ma eýe bol­dy. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki nebi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lumy­nyň, Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň, Gara­bo­gaz­da­ky kar­ba­mid, Gy­ýan­ly­da­ky gaz-hi­mi­ýa za­wod­la­ry­nyň iş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi hem köp ba­bat­lar­da ýur­dumy­zyň ne­bitgaz top­lu­my­nyň ösüş­le­ri bi­len pug­ta bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ägirt uly kär­ha­na­la­ryň her bi­ri­niň önüm­çili­gi di­ňe bir Wa­ta­ny­myz üçin bäh­bit­li bol­man, eý­sem, dün­ýä döw­let­le­ri üçin hem ähmiýetliligi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­tyny ösdürmegiň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyklyk­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly iş­leriň ahyr­ky ne­ti­je­le­ri­niň döw­le­ti­mi­ziň ber­ka­rar­ly­gy­nyň berkidil­me­gi­ne, halky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ýo­kar­landy­ryl­ma­gy­na gönükdirilýän­di­gi bol­sa, has hem buý­sanç­ly ha­ky­kat­dyr.

Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da ka­bul edil­jek mö­hüm çöz­güt­le­riň di­ňe bir ýur­duň ýa se­bi­tiň däl, eý­sem, dünýä döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne türk­men ne­bit­çi­le­ri pugta ynan­ýar­lar. Şu be­ýik ha­ky­kat üçin hem biz — ne­bit­çi­ler döw­le­ti do­landyr­mak­da­ky içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bü­tin dün­ýä­de taý­syz yk­rar­na­ma eýe bolan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, tu­tum­ly iş­lerin­de ba­ky ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­ris.

 

Bibi ATA­ÝE­WA,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.