Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýa­kyn­da Ak bug­daý et­rap hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da okuw mas­la­ha­ty ge­çi­rildi. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şykla­ry­nyň Ahal we­la­ýat we Ak bug­daý et­rap bir­leş­me­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan okuw masla­ha­ta Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň iş­gär­le­ri, il­kin­ji gu­ra­ma­la­rynyň baş­lyk­la­ry, gaz­na­çy­la­ry we iş­jeň ag­zala­ry gat­naş­dy.

Okuw mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat birleş­me­si­niň ut­gaş­dy­ry­jy­sy M.Re­je­bow, şol bir­leş­mä­niň hu­kuk­çy­sy B.Han­dur­dy­ýew, esa­sy hü­när­me­ni Ö.Ener­my­ra­dow da­gy çykyş edip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýarlyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň ­gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler, ata Wa­ta­ny­my­zy­ň ö­süş-öz­gert­me­le­ri­ni ilat arasyn­da yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat et­mek dogru­syn­da aýt­dy­lar.

Okuw mas­la­ha­tyn­da Kär­deş­ler ar­ka­laşyk­la­ry, ola­ryň hu­kuk­la­ry we işi­niň ke­pil­likle­ri ha­kyn­da­ky ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­dan, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­rynyň Ter­tip­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zipe­le­re üns çe­ki­lip, kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­lary­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ryn­da iş­le­riň do­ly we dog­ry ýo­la goý­lu­şy, aý­ra­tyn-da, iş resminamala­ry­nyň döw­re­bap de­re­je­de ýö­re­di­li­şi ha­kyn­da du­rlup geç­ildi. Şo­nuň bilen bag­lany­şyk­ly, okuw mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bi­len tej­ri­be al­şy­lyp, ola­ra peý­da­ly mas­la­hat­lar be­ril­di.

Iş­jeň hä­si­ýet­de ge­çen okuw mas­la­ha­tyna gat­na­şy­jy­lar ra­ýat­la­ryň eş­ret­li durmuşymyzyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy ug­run­da ed­ýän bi­möç­ber ala­da­la­ry üçin Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Tawus MEREDOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.