Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJILERE — BAÝRAKLAR

Oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gin­de iş­gär­le­riň ara­syn­da zäh­met bäs­le­şik­le­ri­ni gu­rap dur­mak iş ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­makda örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Zäh­met bäs­le­şi­gi­niň gu­ral­ma­gy her bir zäh­met adam­sy­nyň öz çek­ýän ha­lal zäh­me­ti­niň üs­tün­lik­li ne­ti­je­si­ne bo­lan hö­we­si­ni artdyr­ýar, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň hi­li­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Ba­ba­daý­han et­rap ko­mi­te­ti, Türk­me­nista­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si we TMÝG-niň et­rap Ge­ňe­şi etra­by­ň Teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň iýul aýy­nyň 20-30-y ara­ly­gyn­da sü­rümçi me­ha­ni­za­tor­la­ryň ara­syn­da on­gün­lük bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­di.

Et­rap bo­ýun­ça gu­ra­lan zäh­met bäsle­şi­gi­ne ýer­le­ri güýz­lük dä­ne eki­şi­ne taý­ýar­la­mak­da zäh­met çek­ýän me­hani­za­tor­la­ryň uly to­pa­ry iş­jeň gat­naş­dy. Zäh­met bäs­le­şi­gi­niň do­wam ed­ýän günle­rin­de ýö­ri­te dü­zü­len to­par ta­ra­pyn­dan me­ha­ni­za­tor­la­ryň zäh­met şert­le­ri­ne we dynç alyş wag­ty­nyň dog­ry gu­ra­ly­şy­na, sü­rü­miň hi­li­ne we muk­da­ry­na gö­zeg­çi­lik edil­di.

Bir­nä­çe gün mun­dan öň et­rap bo­ýunça sü­rüm­çi me­ha­ni­za­tor­la­ryň ara­syn­da ongünlük bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­si jem­lendi. On­da şol kär­ha­na­nyň me­ha­ni­za­to­ry Ö.Ataýew bi­rin­ji or­nuň eýe­si diý­lip yg­lan edil­di. Ikin­ji or­na M.Baý­ra­ma­ly­ýew, üçünji or­na B.Oraz­mu­ham­me­dow da­gy my­nasyp bol­dy. Ýe­ňi­ji bo­lan mehanizatorlara baý­rak­lar iş üs­tün­de gow­şu­ryl­dy.

 

Didar MEREDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.