Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALAMAÝAN BAHAM

Okuw­dan do­la­nyp ge­len ag­ty­ja­gy­myň ses­siz­li­gi me­niň ün­sü­mi özü­ne çek­di. He­mi­şe ge­le-gel­mä­ne alan bäş­lik­le­ri­ni gör­ke­zip, demi-de­mi­ne ýet­män gür­rüň ber­ýän agtyjagy­myň ýü­zi sa­lyk­dy. Ol ses­siz­je öz ota­gy­na gi­rip git­di. Men bir­sel­lem onuň ge­le­ri­ne gara­şyp otur­dym, em­ma ol wag­ty bi­len çyk­man­soň, ýu­waş­lyk bi­len onuň ota­gy­na boý­nu­my uzat­dym. Ol bo­ýun­jy­gy­ny sal­lap otu­ry­şyna ýa­zuw sto­lu­nyň üstün­de açyk du­ran dep­de­ri­ne öw­ran-öw­ran se­red­ýär­di-de, ulu­dan de­mi­ni al­ýar­dy. Men usul­lyk bi­len onuň ýa­ny­na bar­dym-da, ba­şy­ny sy­pa­dym. Ol me­ni gö­rüp hamsyg­dy, bir­de­nem so­jap ag­la­ma­ga baş­la­dy.

— Sa­ňa nä­me bol­dy ýa-da bi­ri göw­nü­ňe deg­di­mi? Ha­ny, se­si­ňi goý-da, ma­ňa äh­li za­dy gür­rüň ber, gy­zym! — diý­dimde, onuň göz­ýaş­la­ry­ny eli­miň aýa­sy bi­len süpüriş­dir­dim. Ol he­ni­zem so­jap dur­şu­na:

— Ene, mu­gal­lym ma­ňa ma­te­ma­ti­ka­dan dört­lük ba­ha goýup­dyr. Ýe­ke­je ýal­ňy­şym ba­ram we­lin, şo­ňa-da dört­lük goýa­ýyp­dyr. Gun­ça men­den gö­çü­rip ýaz­dam we­lin, oňa 5-lik go­ýup­dyr — di­ýip, agy­nyň ara­sy bi­len bo­lan zat­la­ry gür­rüň ber­di. He­mi­şe 5-lik alyp oka­ýan, he­niz dört­lük ba­ha alyp gör­me­dik ag­ty­ja­gy­myň aý­dan söz­le­ri­ne men bir­ba­da näme diý­je­gi­mi bil­me­dim. Men onuň el­ja­ga­zyn­dan tu­tup, öz ota­gy­ma alyp bar­dym-da, sto­luň çek­me­sin­den da­şy­na “Gün­de­lik — 9 “A” di­ýip ýa­zy­lan galyň dep­de­ri çy­kardym. Ony ag­ta­ryş­dy­ryp, özü­me ge­rek ýe­ri­ni aç­dym. Gün­de­li­giň şol sa­hy­pa­syn­da ga­ra harp­lar bi­len “4-lük alan gü­nüm” di­ýip ýa­zyl­gy­dy. Men ony ag­ty­ja­gy­ma gör­kez­dim-de: “Se­ret, yn­ha, me­nem şol gün edil se­niň ýa­ly gynanypdym, ýö­ne men synp­da­şy­myň men­den gö­çü­rip 5-lik ba­ha ala­ny­na däl-de, özü­miň ýal­ňy­şym üçin 4-lük ala­ny­ma gy­na­nyp­dym. Hiç ha­çan ýol­da­şyň üs­tün­li­gi­ne gynanma­gyn, onuň üs­tün­li­gi se­niň hem üs­tün­li­giň­dir. Ol bu gün sen­den dog­ry göçürme­gi öw­re­nen bol­sa, er­tir özi iş­le­me­giň hem höt­de­sin­den ge­lip bi­ler ahy­ryn — di­ýip, ony kö­şeş­dir­dim. Ýü­re­gi bi­raz yn­ja­lan ag­ty­ja­gym özü­ni dür­se­di-de:

— Ene, gür­rüň ber­se­ne, sen nä­dip dört­lük ba­ha al­dyň? Se­nem me­niň ýa­ly dört­lü­gi ha­la­ňok­my­dyň? On­soň 4-lük alaň­da, sen ag­la­ma­dyň­my? — di­ýip, üs­tü­me so­rag bary­ny ýag­dyr­dy. Men onuň goýma­ja­gy­ny bi­lip, gür­rü­ňe baş­la­dym.

Mek­de­bi­miz­de iki çal­şyk­da oka­dyl­ýar­dy. Başlan­gyç synp­lar bi­rin­ji çal­şyk­da, ýo­ka­ry synp­lar bol­sa ikin­ji çal­şyk­da oka­ýar­dy. 5-nji synp­dan ýo­kar­da­ky äh­li synp­lar iki­di. Di­ňe 9-njy synp­lar üç sa­ny­dy. Şo­nuň üçin bol­sa ge­rek, biz başlan­gyç synp­lar bi­len bir­lik­de bi­rin­ji çal­şyk­da oka­ýar­dyk. Özü­mi­zem beý­le­ki uly synp­lar ýa­ly her sa­pa­gyň özü­ne de­giş­li synp ota­gynda däl-de, äh­li sa­pak­la­ry bir synp ota­gyn­da geç­ýär­dik. Bu bi­ziň üçin diý­seň gy­zyk­ly bolup gö­rün­ýär­di, çün­ki ir­den­ki çal­şyk­da ki­çi synp­la­ryň ara­syn­da “han özü­miz, sol­tan özü­miz­dik”. Men 9-njy “A” synp­da okaýar­dym. Synpy­myz­da ýö­ri­te edi­len ýa­ly, 14 og­lan, 14 hem gyz bar­dy.

Mu­gal­lym bi­ziň sä­hel­çe üs­tün­ligi­mi­ze-de be­ge­ner­di. Bu bol­sa bi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dy­rar­dy. Men mu­gal­ly­myň go­wy gör­ýän okuw­çy­lary­nyň bi­ri­dim, em­ma bir ge­zek we­lin on­dan öý­ke­läp­dim. Bu wa­ka me­niň ha­ky­dam­da ömür­lik gal­dy. Wa­ka şeý­le bo­lup­dy.

ýaz­dyk. Mu­gal­lym çep ta­ra­pyň mysal­la­ry­ny tag­ta­nyň çep ta­ra­pyn­da, sag tarapyňkyny bol­sa tag­ta­nyň sag ta­ra­pyn­da ýa­zyp, ola­ry her ki­miň öz­baş­dak işlemegi­ni tabşyr­dy. Men he­mi­şe my­sal­la­ry il­ki ga­ra­la­ma­da iş­läp, soň aras­sa depderi­me ge­çir­ýär­dim. Bu ge­zek hem he­mi­şe­ki en­di­gime eýer­dim, em­ma iň soň­ky deň­le­mä­ni ýa­zyp otyr­kam, tö­tän­lik­de ýal­ňyş­lyk goý­berdim-de, nä­me et­je­gi­mi bilmän, üs­tün­den ýaz­jak bol­dum. Em­ma ol has hem bu­laş­dy. Ha­lys bol­ma­ja­gy­ny bi­lem­soň, ga­ra­ldan ýe­ri­miň üs­tün­den ýe­ke­je çy­zyk çy­zyp, gap­da­lyn­dan dog­ru­sy­ny ýaz­dym, em­ma bu me­niň göw­nü­me hiç jaý bol­ma­dy. Er­te­si mu­gal­lym bar­lag depder­le­ri­mi­zi paý­lap ber­di-de, “Her kim öz ýal­ňyş­la­ry bi­len ta­nyş bol­sun” diý­di. Dep­de­ri­mi açan ba­dy­ma, gy­zyl ruç­ka bi­len goý­lan ig­li­je dört­lü­gi gö­rüp, gö­zü­me ýaş aý­la­nyp git­di. Ga­ra­ldan ýe­rimiň hem aşa­gy ruç­ka bi­len çy­zy­lan­dy. Bä­şim bol­sa öz dep­de­rin­dä­ki ul­la­kan bäş­li­gi ma­ňa gü­jeň­le­mek üçin yzy­na öw­rü­len­de, me­niň ýagdaýy­my gö­rüp, neb­si agyr­dy­my-nä­me­mi, usul­lyk bi­len dep­de­ri­ni ýap­dy-da, bir gy­ra süý­şür­di. Me­niň bo­ga­zym doldy. Mu­gal­lym me­ni as­sy­ryn­lyk bi­len syn­lap oturan bo­la­ra çe­me­li, me­niň ýa­ny­ma gel­di-de, dep­de­ri­mi eli­ne alyp: “Hä, Muhamme­do­wa, ba­haň­dan nä­gi­le­li­giň bar­my?” diý­di. Men gep­läp bil­män göz­le­ri­mi bal­kyl­dat­dym. Mu­gal­lym bol­sa bir eli­ne me­niň dep­de­ri­mi, beý­le­ki eli­ne bol­sa Bäşimiň dep­de­ri­ni al­dy-da, öňe ge­çip, şeý­le diý­di:

— Okuw­çy­lar! Bu Mu­ham­me­do­wa­nyň dep­de­ri, bu bol­sa An­na­berdi­ýe­wiň dep­de­ri.

Olar Bä­şi­miň dep­de­rin­dä­ki 5-li­gi, me­niň dep­de­rim­dä­ki 4-lü­gi gö­rüp gü­lüş­di­ler. Meniň ýü­züm çym-gy­zyl bol­dy. Mu­gal­lym:

— Ha­ny, ýu­waş­rak bo­luň! — di­ýip, sö­zü­ni do­wam et­di: — Mu­hamme­do­wa­nyň depde­rin­de äh­li my­sal­lar dog­ry iş­le­nip­dir, ýö­ne dü­ze­diş­ler bar — diý­di. — Men Anna­ber­di­ýe­wiň dep­de­rin­de äh­li zat ýer­be-ýer, örän dürs we aras­sa ýa­zy­lyp­dyr, oňa bäş­lik goý­ma­gy ma­kul bil­dim. Şeý­le dürs gö­çür­me­gem ba­şar­jaň­ly­gyň bir gör­nü­şi. Bu gün dog­ry göçür­me­gi ba­şa­ran okuw­çy, nä­me üçin er­tir özi iş­le­me­giň höt­de­sin­den gel­me­sin?! Men mu­ňa ýü­rek­den ynan­ýa­ryn. Mu­ham­me­do­wa eger ýalňy­şan ba­dy­na ga­ra­la­man, üs­tün­den bir­je çy­zyk çy­zan bol­sa­dy, men oňa-da bäş­lik go­ýar­dym, em­ma ol ga­ra­lap, on­soň çy­zan­soň, dört­lük goý­ma­ly bol­dum — diý­di. Men gep­le­me­dim, ýö­ne mu­gal­ly­mym­dan welin ju­da öý­ke­le­dim. Şol gün uzyn­ly gün keý­pim bol­ma­dy, ýö­ne Bä­şi­miň hem bäş­lik ala­ny üçin be­gen­me­ýän­di­gi­ni aň­dym. Ol me­niň gynanjyma, ha­ma­la di­ýer­siň, özi se­bäp bo­lan ýa­ly, müý­nür­ge­ýär­di. Me­niň ýü­zü­me se­ret­mä­ge çe­kin­ýär­di. Men Bä­şi­me bäş­lik goý­la­ny üçin däl-de, özü­miň dört­lük alanym üçin gy­nan­ýar­dym.

Bio­lo­gi­ýa­dan hem şeý­le ýag­da­ýa dü­şüp gö­rüp­dim. Çär­ýek jem­lenýär­di. Bio­lo­gi­ýa mu­gal­ly­my­myz çär­ýek­lik ba­ha­la­ry­my­zy okap ber­di. Men çär­ýek­lik ba­ha­myň dörtlük­di­gi­ni eşi­dip, gy­nan­dym. Mu­gal­ly­myň: “Ba­ha­ňyz­dan nä­gi­lä­ňiz bar bol­sa, düzet­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek” di­ýe­ri­ne mä­het­del eli­mi gal­dyr­dym. Ol ma­ňa tagtanyň ýa­ny­na gelme­gi­mi ha­ýyş et­di-de: “Ge­çen çär­ýek­de 14 sa­ny te­ma geçipdiris. Her te­ma­dan bir so­rag ber­jek, eger şo­la­ra jo­gap be­rip bil­seň, ba­ha­ňy düze­de­ýin” diý­di. Men ra­zy­laş­dym, se­bä­bi me­niň ýa­dym güýç­lü­di. Ge­çi­len te­ma­ny 2 — 3 ge­zek gaý­ta­lap oka­sam, haý­sy sö­züň haý­sy bo­gun­dan soň in­di­ki se­ti­re geçýän­di­gi­ne çen­li ýa­dy­ma dü­şer­di, her sa­pak­da-da okap ge­ler­dim. Em­ma her­nä­çe eli­mi gal­dyr­sam hem, mu­gal­lym­lar men­den kän sa­pak so­ra­maz­dy­lar. “Se­niň bilýändi­gi­ňi bil­ýä­ris. Goý, beý­le­ki­ler hem aýt­syn” di­ýer­di­ler. Her gün­ki sa­pak­la­ry öz­leş­di­rip gel­mek me­niň en­di­gim­di. Şo­nuň üçin me­niň özü­me ynamym güýç­lü­di. Şeý­le­lik­de, bio­lo­gi­ýa mu­gal­ly­my ma­ňa 14 sa­ny so­rag be­rip, her so­ra­ga örän oňat jo­gap alan­soň, me­niň çär­ýek­lik ba­ha­my 5-li­ge dü­ze­dip be­rip­di...

Ag­ty­ja­gym me­niň gür­rüň­le­ri­mi üns be­rip diň­län­den soň:

— Ene, me­niň hem sa­ňa meň­zä­sim gel­ýär. Se­niň ýa­ly go­wy okap, beý­le­ki­le­re görelde bo­la­sym gel­ýär — diý­di. Men ony mä­hir bi­len bagry­ma bas­dym.

 

Aknabat MUHAMMEDOWA,

Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň geňeş agzasy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.