Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞATLYKLY GÜNLERIŇ ŞOWHUNY

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde jemgyýetçilik guramalary, degişli ministrlikler tarapyndan bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Şeýle ýaryşlaryň biri goýny sapaly Gökdere jülgesinde hereket edýän «Altyn damja» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiň bilelikde guramagynda merkezlerde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň arasynda ýangyn söndürmek boýunça wagyz-ündew häsiýetli geçirilen bäsleşige 14 topar gatnaşdy.

Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda geçirilen bäsleşigiň öň ýanynda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz tejribelerini çagalar bilen paýlaşdylar. Bu bolsa ýaş ýangyn söndürijilerde uly täsir galdyryp, olaryň erjelligini, başarnygyny has-da artdyrmaga, bäsleşigiň dowamynda hiç hili kynçylygyň ýüze çykmazlygyna ýardam berdi. Belläp geçsek, ýaş zehinleriň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen bagly şeýle bäsleşikleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy, çagalaryň ýangyn-tehniki babatda düşünjelerini, tälim taýýarlygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýaryşy guraýjylaryň tassyklan meýilnamasy esasynda çagalar kesgitlenen wagt aralygynda diwardan böküp geçmek, suw holtumyny uzaga çekmek, dürli päsgelçiliklerden geçmek, çelekden suw almak, ýokaryk dyrmaşmak, ýangyn söndüriji bilen ody öçürmek ýaly şertler boýunça bäsleşen çagalar ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezdiler.

Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda merkezara geçirilen bäsleşikde ähli şertler boýunça üstünlikli çykyş edip, «Çynar» birinji, «Altyn damja» ikinji, «Ýaşlyk» üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara ýaryşy guraýjylar tarapyndan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Şamyrat MUHAMMETGURBA­NOW,

«Türkmenistan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.