Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DAÝHAN AZABY — RYSGALYŇ GÖZBAŞY

Oba ýa­şaý­jy­sy­nyň iş-ala­da­sy esa­san top­rak bi­len bag­ly. Alyn de­ri­ňi dö­küp, yhlas bi­len hyz­mat et­seň ene ýer se­ni hor ede­nok. Ýe­re nä­çe zäh­met çek­di­giň­çe, şon­ça be­re­ket eçil­ýär. Men ýo­ka­ry bi­lim alyp, eda­ra-kär­ha­na­lar­da gul­luk­çy bo­lup iş­län döw­rüm­de hem dynç alyş gün­le­rimde pag­ta meý­dan­la­ryn­da zäh­met çekdim. Zäh­met dynç al­şy­na çy­ka­nym­dan soň hem top­ra­ga bo­lan hyz­ma­ty­my gaýgy­ra­mok. Şu ýyl kä­ren­de­çi gel­ni­miz Şi­rin Hu­daý­na­za­ro­wa de­giş­li 1,6 gek­tar meýda­na ir­gö­zin­den top­ra­ga go­wa­ça to­humy­ny taş­la­dyk. He­niz go­wa­ça­lar göw­nejaý gö­ge­rip ýe­tiş­män­kä üz­nük­siz ýa­gan ýa­gyş gä­mik­le­riň ýü­zü­ni su­wa­lan ýa­ly etdi. Biz wagt ýi­tir­män keşleriň ge­riş­le­ri­niň üs­tün­dä­ki uzap gid­ýän gü­ber­çek­le­riň iki gap­da­ly­ny keş­me-keş ýum­şa­dyp, hy­syrdy­ly zäh­met bi­len gö­ge­riş ga­zan­dyk.

Go­wa­ça­lar ha­tar tu­tup gö­ge­ren­den soň­ra hem yzy­gi­der­li ýa­gan ýaz ýa­gyş­lary ha­şal ot­la­ryň ör­ňe­me­gi­ne ge­tir­di. Te­lim ge­zek kät­men bi­len otag iş­le­ri­ni ge­çir­dik, trak­tor bi­len kül­te ge­çi­rip, düý­bü­ni ýumşat­dyk. Her ge­zek ösüş su­wu­ny tu­ta­nymyz­da ýer ta­ba ge­len­soň yz­ýa­nyn­dan otag ed­ýä­ris, soň­ra kül­te ge­çir­dip, eki­niň düý­bü­ni ýumşad­ýa­rys. Em­ma il­ki kül­te ge­çir­dip otag işi­ni so­ňa goý­saň ha­şal otlar gu­ma gömü­lip gö­rün­män gal­ýar.

Go­wa­ça­la­ry ýe­ke­lä­ni­miz­de bir metrde ka­da­ly düýp bo­lar ýa­ly sel­çeň­let­dik. Bu usulda bir ta­rap­dan, otag işi­ni ge­çi­reni­miz­de go­wa­ça düýp­le­ri­niň ara­syn­dan, kät­meni ge­çi­rip, ha­şal ot­dan do­ly sapla­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Ikin­ji­den, go­wa­ça­lar köp gol ýaý­ra­dyp ha­syl­ly­ly­ga şert­ler dö­re­ýär. Ola­ryň go­za­la­ry iri, ha­nalar uly, sü­ýü­mi çy­kym­ly, çi­gi­di dok bol­ýar. Dok­ma se­na­ga­ty üçin ýo­ka­ry hil­li sü­ýüm, çi­gi­di tohumlyk üçin ýa­ram­ly, tiz gö­ge­riji, go­wa­ça­sy mer­dem­si bol­ýar. Ýa­-da çigi­di­ gaýtadan iş­le­ýän kär­ha­na­da pag­ta çi­git ýa­gy­ny ön­dür­seň be­re­ket­li­dir. Geçen oba hoja­lyk ýy­lyn­da ýe­ke­le­me işi­ni şeý­le usul­da ge­çi­rip, Wa­tan har­ma­ny­na 6 ton­na ýoka­ry hil­li “ak al­tyn” tab­şy­ryp, her gek­ta­ryň ha­syl­ly­ly­gy­ny 38 sent­ne­re ýe­tir­dik.

Top­ra­gy şü­dü­gär sü­rü­min­den öň orga­ni­ki dö­kün­läp, çüý­rünt­gi­si bi­len gurplandyrma­ly. Go­wa­ça­la­ryň ösüş döw­ründe mi­ne­ral dö­kün­ler bo­lan — kar­ba­mid, am­marfos bi­len bel­le­nen möç­ber­ler­de iýmit­len­dir­me­li. Ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ge­çi­rip, dört ge­zek ösüş su­wu­ny ber­me­li. Biz şu iş­ler bi­len hä­zir go­wa­ça­la­ryň uju­ny çyrpdyk. Hä­zir­ki wagt­da go­wa­ça meý­da­nymy­za aý­la­nyp gör­seň, gö­züň do­kun­ýar. Tü­we­le­me, go­wa­ça­la­ryň şa­ha­la­ryn­da go­za­lar dü­züm-dü­züm. Eger-de şu ýyl ge­çen ýyl­ky­dan artyk pag­ta tab­şyr­sak, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň döw­let satyn alyş nyrh­la­ryny ýo­kar­lan­dy­ran­dy­gy ne­ti­je­sin­de has ýo­ka­ry gir­de­ji ala­rys. Elbet­de, go­wa­ça­laryň ha­syl top­laý­şy­ny syn­lap, Wa­tan harma­ny­na has köp go­şant go­şa­rys di­ýen umyt-ar­zuw­da ýa­şa­ýa­rys.

Ýo­ka­ry ha­syl al­mak üçin ýyl­bo­ýy zähmet çe­kil­ýär. Daý­han üçin ýy­lyň äh­li pasly möw­süm hem-de ir­gin­siz hy­syr­dy­ly iş. El güý­ji bi­len edil­ýän iş­ler­de: otag, ýekeleme, ýy­gym möw­sü­min­de iş­le­ri çalt depgin­de, aý­ny wag­tyn­da et­mek üçin (yzaga­lak­ly­gy ýe­ňip geç­mek üçin) kö­mek­çi iş­gär­le­riň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ma­ly wagty bol­ýar. Ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri geçir­len­de, ha­syl har­ma­na da­şa­lan­da hususyýetçi­le­riň teh­ni­ka­la­ry­nyň güý­jün­den peý­da­lan­ma­ly wagty hem bol­ýar.

“Güýz dü­şüp, jüý­je sa­na­lyp” bo­landan soň ýy­lyň je­mi jem­len­ýär. Şon­da bag­tyň çüwüp, ne­si­bäň çe­kip, rys­galyň oýa­nyp, lo­maý­ja gir­de­ji alyn­ýar. Ine, şon­da süý­ji ta­gam­lar taý­ýar­la­nyp her maş­ga­la­da öz­bo­luş­ly ha­syl to­ýy edil­ýär. Aýat-tö­wir bi­len eki­niň pi­ri Ba­ba­daý­hanyň ru­hu­na ba­gyş­la­nyl­ýar.

“Be­re­ket” daý­han bir­le­şi­gi­mi­ziň başly­gy Pa­ra­hat Nö­ke­row, to­par ýol­baş­çymyz Akmu­ham­met Gel­di­ýew kä­ren­de­çile­riň ar­ma­sy­ny ýe­ti­rip, kö­mek-gol­da­wy­ny gaýgy­ra­nok­lar. Ha­syl ýe­tiş­dir­mek­de agro­no­myň-da, mi­ra­byň-da, suw so­ru­jy­ny işled­ýä­niň-de hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­sym gel­ýär.

Baş­da bel­leý­şi­miz ýa­ly, oba adam­lary­nyň ör­ki top­rak bi­len bag­ly. Bi­ziň ata-babalary­myz hem daý­han­çy­lyk bi­len gün-gü­ze­ran do­lan­dy­ryp­dyr­lar. Py­gamber ýaşy­na ýetip hor­mat­ly dynç al­şa çyka­nyň­dan soň eg­ni­ňe don ge­ýip özüň ýa­ly ýaşulula­ra go­şu­lyp, toý-to­ma­şa, aýat-töwi­re bar­mak, ýaş­la­ra öwüt-ündew be­rip ýörmek hal­ky­my­zyň asylly ýö­rel­ge­si, ýa­şu­lu­lyk bor­jyň. Hu­da­ýa şü­kür ed­ýä­rin, ýaşym ýe­din­ji on­lu­gyň ýar­syn­dan ge­çen-­de bol­sa ýa­şu­lu­lyk bor­ju­my ýe­ri­ne ýetirmek­den baş­ga-da, kä­ren­de ýe­ri­mi­ze ideg et­me­giň hem höt­de­sin­den gelýändigime buý­sanýa­ryn. Halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Nurmuhammet HUDAÝNA­ZA­ROW,

Wekilbazar etrabynyň Halyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner daýhan

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň redak­si­ýa­sy­nyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” at­ly dö­re­di­ji­lik bäsleşigine

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.