Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«NESILDE» BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ZEHIN BÄSLEŞIKLERI GEÇIRILDI

Geçen hepdede «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Nesil» dynç alyş merkezinde medeni we sport çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan çagalaryň wagtyny netijeli geçirmegini gazanmak, sporta we bedenterbiýä höwesini güýçlendirmek, gadymyýetden sünnälenip gelýän milli medeniýetimize we sungatymyza bolan söýgini ösdürmek, ebedi mirasa sarpa goýmak, ýaşlarda ruhubelentlik duýgusyny terbiýelemek maksadynda guralan dabaraly çärelere nebit-gaz toplumynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezlerinden ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelip, tomusky dynç alyş möwsüminiň hözirini görýän çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

«Nesil» Gökdere jülgesindäki iň uly merkezleriň biridir. Bu ýerde her tapgyrda 1000 çaga dynç alýar. Onuň beýleki merkezlerden uludygy sebäpli sport meýdançalary, howuzlary, medeniýet, sungat çärelerini geçirmäge niýetlenen zallary, gurnak otaglary has köpdür. Munuň özi bir wagtda ençeme çäräni geçirmeklige. mümkinçilik berýär.

Çagalar sport we medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylan güni futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, gysgajyk sahnalary guramak, nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň eserlerinden şygyrlary okamak, ertekiler dünýäsinden keşpleri janlandyrmak, döwrebap aýdymlary we tanslary ýerine ýetirmek, ene-mamalarymyzyň nesillerden-nesillere aýap gelýän el işlerini, ýagny keşde çekmek, nagyş salmak, tahýa gaýamak, surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Diýseň gyzykly, şowhunly geçen çäreleriň yzysüre bäsleşiklerde ýeňiş gazanan, erjelligi bilen tapawutlanan ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşikleriň jemi jemlenensoň, medeniýet merkezinde çagalaryň taýýarlan dynç alyş konsertine tomaşa edildi.

 

«Nebit-gaz».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.