Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞ ÝANGYN SÖNDÜRIJILER BÄSLEŞDILER

Gökdere jülgesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen hözirli dynç alşyň arzyly mekanyna öwrüldi.

Dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde tebigy täsinliklere beslenip oturan bu mekanda gurlan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalar saglygyny taplap, her bir gününi hoşlukda geçirýärler. Ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan täsirli çäreleriň guralmagy köpleriň tomusky dynç alşynyň has-da gyzykly, ýatda galyjy hem-de ýakymly bolmagyna ýardam edýär.

Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Bilim ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýeti tarapyndan täsirli sport çäreleri, gyzykly bäsleşikler häli-şindi guralyp durýar. Ýakynda ýangyn-amaly sporty boýunça guralan Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi-de şeýle çäreleriň biridir. Şeýle merkezara ýaryş ýakynda “Altyn damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa Gökdere jülgesiniň çäginde ýerleşýän sagaldyş-dynç merkezleriniň ýaş türgen toparlary gatnaşdylar.

Bu çäräniň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň ýaş nesliniň bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdylyp, bäsleşige gatnaşýanlara üstünlik arzuw edildi.

Bäsleşik 5 tapgyrdan ybarat bolup, oňa gatnaşyjylar özleriniň ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýetginjekleriň arasynda şular ýaly çäreleriň geçirilip durulmagy olaryň zehin başarnyklaryny, tälim taýýarlyklaryny ýüze çykarmakda, beden, ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmekde, dostluga, edermenlige höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşikde özleriniň has ýokary taýýarlyklaryny, ezberliklerini, çakganlyklaryny görkezip, öňdäki orunlary eýelän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň göçme kubogyna, diplomlaryna we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldular.

 

Dörtguly MYRATGULYÝEW.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.