Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

FUTBOL ÝARYŞY

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 1-nji sport desgasynda, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, etrabyň birinjiligini almak ugrunda futbol toparlarynyň arasynda ýaryş geçirildi.

Ýaryşa täze döredilen Görogly şäheriniň «Tagta», Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň «Bedirkent», Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň «Çandybil» futbol toparlary hem gatnaşdy.

Ýaryşda Görogly şäheriniň «Tagta» futbol topary birinji orny eýeledi we welaýat derejesinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu topara ýaryşyň göçme kubogy gowşuryldy.

Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän futbol toparlaryna etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaryşa gatnaşanlaryň halkymyzyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edip, sporty ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda halkara derejesinde alyp barýan nusgalyk işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşlarynyň yzy üzülmedi.

 

Tirkeş ARAZOW,

Görogly etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.