Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde hem döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, wajyp döwlet işlerinden we aladalaryndan, wakalardan, ýokary derejedäki saparlardan hem duşuşyklardan doly bolan iş tertibine garamazdan, milli Liderimiz gysga wagtlyk hem bolsa döreýän boş wagtyny sportuň dürli görnüşlerine, saz sungatyna ýa-da şahyrana we ylmy işlere sarp edýär.

Elbetde, zähmet rugsadynyň günleri munuň üçin has-da uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip hasaplamak bolar.

Ägirt uly ylmy-barlag maglumatlaryň jemine, ylmy neşirleriň we golýazmalaryň öwrenilmegine esaslanan täze iş milli Liderimiziň türkmeniň buýsanjy we baýlygy hakynda ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer. Türkmen halkynyň ençeme nesilleri tarapyndan toplanan taryhy tejribe, däp-dessurlar, medeni miras we ruhy gymmatlyklar ösüş we öňe hereket etmek üçin ygtybarly esas, güýjüň çeşmesi we özüňe ynam bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Alabaý batyrlygy, gaýduwsyzlygy hem-de eýesine juda wepalylygy bilen tanalyp, ol ojagyň sakçysy hökmünde, şol bir wagtda olary dost tutunýan çagalara hem örän mähirli sypatlary bilen bellidir.

Olar türkmen halkynyň hormatyna we söýgüsine eýe bolup, häzir hem doly hukukly maşgala agzalaryna deňelýär. Alabaýyň «Aşgabat — 2017» oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir, şol oýunlar tamamlansa-da, Wepaly sport ýeňişleriniň we sport ruhunyň baş tumary bolup galdy.

Häzir bu itler dünýä meşhur tohumlaryň biridir. Soňky ýyllarda türkmen itlerine bolan gyzyklanma Ýewropada hem artdy. Emma diňe Türkmenistanda alabaýlar itleriň beýleki tohumlaryndan goralyp saklanypdyr hem-de beýleki tohumlar bilen goşulyşman, özleriniň ilkibaşdaky görnüşini saklap galypdyr.

Arheologlaryň Türkmenistanyň çäginde tapan çopanlaryň wepaly hemrasynyň şekilleri bu tohumyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Altyndepe we Goňurdepe (biziň eýýamymyza çenli ikinji müňýyllyk) ýaly belli ýadygärliklerde dürli ýyllarda itleriň şekiljikleri tapyldy, gadymy Nusaýda ýüze çykarylan Parfiýa ritonlarynyň biriniň ýüzünde daýaw itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde alabaýyň dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen beýleki heýkelleri saklanýar.

Orta asyra degişli Daňdanakan ilatly ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde kiçi göwrümli faýans heýkeljik tapyldy, onda türkmen alabaýynyň şekilini görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň esaslary bilen tanyşdyrar. Neşir okyjylaryň giň gatlagy üçin bolşy ýaly, türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.

Şöhratly pederlerimiz türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri we ajaýyp halylar ýaly bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan milli gymmatlygy döredip, dünýä medeniýetine uly goşant goşdular.

Türkmenistanyň çäginde alabaýlardan öň ýaşap geçen uly itleriň yzlary duş gelýär. Jeýtunda (biziň eýýamymyzdan ozalky VI müňýyllyk) tapylan itiň galyndysy adamlaryň baryp 8 müň ýyl mundan öň hem mal sürülerini goramak üçin ýaramly hem-de uzak aralyga çydamly, ýasy tumşuk, döşlek uly itleri ösdürip ýetişdirendigine şaýatlyk edýär.

Gadymy Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde hem arheologlar itiň mazaryny tapdylar. Ol müňlerçe ýyl mundan öň adamlary soňky ýoluna ugratmak bilen bagly berjaý edilen dessurlara laýyklykda jaýlanypdyr. Dört müň ýyldan hem gowrak mundan öňki döwre degişli tapyndy türkmeniň däpleriniň gadymy çeşmelerine şaýatlyk edip, sakçy itlere — meşhur alabaýlara ýa-da aw itlerine — maşgala agzalaryna deňelýän taza degişli bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň taryhynyň täze sahypalaryny açmaga mümkinçilik berýän ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Arheologiýa işleriniň barşynda alabaý tohumynyň taryhyny açyp görkezýän, onuň adamyň durmuşynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän maglumatlar hem duş gelýär.

Bu tohumdan bolan itleri gadymy döwürlerden bäri çopan itleri, şeýle hem desgalary goraýan sakçylar hökmünde ulanýarlar. Häzir Orta Aziýa goýun iti sakçy itleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Hakyky alabaý beden gurluşynyň sazlaşygy we deňeçerligi bilen haýran edýär. Türkmen itleri berk nerw ulgamyna eýe bolup, asuda we parahat häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Olar üşükli, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne bolan ynamly itler bolup, öz çäklerini mertlerçe goraýarlar hem-de howpuň abanan ýagdaýynda okgunly hereket etmäge ukyplydyr.

Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda gürrüň berilýär. Elbetde, milli Liderimiziň täze eseri alabaý itlerini, umuman, türkmen halkynyň mirasyny geljekde hem dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, säher bilen welosipedde gezelenç etdi.

Halkymyzyň saglygy barada alada, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli özgertmeleriň, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň esasynda döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa, oňa öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň öz şahsy göreldesi bilen tassyklaýandygyny bellemek gerek.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, halkara giňişliginde ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak üçin ajaýyp şertler döredilýär. Häzir Türkmenistanda ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ölçeglere kybap gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, şypahanalar guruldy.

Welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl geçenden soň, ýaryş geçirilip, ol Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň başyny başlady.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň öňden gelýän däpleri bolup, ol täze derejä çykýar. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi hem asylly däbe öwrüldi. Şonuň ýaly yzygiderli geçirilýän çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde tassyklan Kararnamanyň kabul edilmegi sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, döwletleriň we halklaryň arasynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde ýurdumyzyň ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berendigine şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli atly ýa-da welosipedli gezelenç edip, sport toplumlaryny gözden geçirýär, olarda türgenleşik geçýär, şeýle hem awtomobil sporty bilen meşgullanyp, onda ýokary ussatlyk derejesini gazanýar. Döwlet Baştutanymyzyň adam saglygyny goraýan iň gowy serişde hökmünde sporta bolan garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, onuň maksady — türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli ýetişdirmek bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ady agzalan Kararnamasynda ösüş maksatnamalarynda welosipedli meselä aýratyn üns bermek hem-de ony halkara, sebit, milli maksatnamalara goşmak barada ähli ýurtlara çagyryş beýan edilýär. Biziň ýurdumyz hut şeýle çemeleşmäni dünýä görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketinde işjeňliginiň artmagyny şertlendirdi, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär. Her ýyl orta we ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň we welaýatlaryň toparlarynyň arasynda geçirilýän spartakiadalar sagdyn, beden we ruhy taýdan kämillige tarap ýolda ýaşlar üçin ajaýyp itergi bolup durýar. Watandaşlarymyzyň müňlerçesini öz gurşawyna alýan bu ýaryşlar «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda geçirilip, ol häzir umumymilli maksada öwrüldi.

Şeýlelikde, bedenterbiýe we sagaldyş sport işi — bu döwletiň we jemgyýetiň, saglygyň gadyryny bilýän hem-de ony berkitmekde we öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde iň gowy kömekçi — sportuň, milli Liderimiziň we agzybir halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagy we birleşmegi bolup durýar.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip atlandyrylmaga mynasyp bolan Türkmenistan bu babatda, üstünlikli ädilýän işjeň ädimleri bilen beýleki döwletlere nusgalyk görelde görkezýär. Şol ädimler ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilendir.

Häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzüp, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Häzir ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti hem-de halkara sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Aşgabatda özboluşly Olimpiýa şäherçesi işläp, bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Geljek, 2020-nji ýylda bu ýerde sambo boýunça dünýä çempionatyny, 2021-nji ýylda bolsa welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Olimpiýa şäherçesindäki üsti ýapyk welotrek toplumy ähli ölçegleri boýunça halkara ülňülerine hem-de şonuň ýaly desgalara bildirilýän häzirki talaplara gabat gelýär. Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlary we dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotregiň 6 müň orunlyk tomaşaçylar münberi bar. Bu ýerde zerur bolan düzümler göz öňünde tutuldy. Munuň özi türgenler hem tälimçiler, tehniki we hyzmat edýän işgärler we elbetde, janköýerler — welosiped sportunyň muşdaklary üçin amatlylygy üpjün edýär.

Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda üsti ýapyk welotregiň ulanylmaga berilmegi bilen milli welosport hereketiniň taryhynda hem täze sahypa açyldy. Çünki şunuň ýaly desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Onuň hiline hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi, soňra bolsa diňe synag milli ýaryşlaryna gatnaşyjylar däl-de, eýsem, Halkara welosipedçiler birleşmesiniň hünärmenleri baha berdiler.

Iri dünýä ýaryşlaryny geçirmek hukugyny diňe sport binýady ähli döwrebap ölçeglerine kybap gelýän ýurtlar gazanýar. Daşary ýurtly myhmanlar — Olimpiýa şäherçesinde bolup gören türgenler, bilermenler, halkara federasiýalaryň wekilleri görenlerine tüýs ýürekden haýran galdylar.

Olar ýokary derejedäki şunuň ýaly ägirt uly toplumlary entek dünýäniň hiç bir ýurdunda hem görmegiň miýesser etmändigini, ony belli olimpiýa arenalary bilen deňeşdirip, Türkmenistanda gurlan desganyň üpjünçilik derejesi we hili boýunça pesde durmak däl-de, eýsem, köp ölçegleri boýunça beýleki ýurtlardaky desgalardan tapawutlanýandygyny aýtdylar. Myhmanlar desganyň oýlanyşykly meýilleşdirilmegine, mümkinçiliklerine, galyberse-de, binagärlik gözelligine, olaryň özboluşly dizaýnyna hem-de içiniň bezelişine ýokary baha berdiler.

Häzir Olimpiýa şäherçesi 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndynyň agzalarynyň taýýarlyk türgenleşiklerini geçirýän esasy binýatlaryna öwrüldi.

Şeýle hem dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Mysal üçin, Olimpiýa şäherçesiniň düzüminde hereket edýän sportuň suwdaky görnüşleriniň merkezi ünsüňi özüne çekýär. Ol dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyna mynasyp boldy. Desga halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň onlarça ýurtlaryndan türgenleriň gatnaşmagynda giň gerimli ýaryşlary kabul edýän ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu bolsa sportuň möhüm halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň pikirine görä, sport — bu diňe görkezijiler we medallar däl-de, eýsem, kuwwatly durmuş, jebisleşdiriji güýç hökmünde medeniýet bilen hem, ykdysadyýet bilen hem, diplomatiýa bilen hem baglanyşyklydyr.

Garaşsyz, Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde hormatly Prezidentimiz sporta hem ylalaşdyryjy wezipäni berip, Türkmenistany halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwürdi.

Çünki ýurdumyzda geçirilýän iri sport çäreleriniň hemmesi hemişe dostlugyň uly baýramçylyklary bolup durýar. Türkmen halky myhmanlary mähirli kabul edip, ähli gowulyklary paýlaşýar. Munuň üçin belli bir sebäp — ýaryş ýa-da haýsydyr bir ähmiýetli senäniň bolmagy hökman däldir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmegi halaýar. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän zähmet rugsadynyň bir gününde atçylyk toplumynda öz eý görýän bedewi Şapolat bilen didarlaşdy.

Milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan, behişdi bedewler gözelligi hem-de nepisligi, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen şahyrlar we suratkeşler üçin asyrlaryň dowamynda ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Ata-babalarymyzyň döreden hem-de dünýä peşgeş beren bu täsin gudraty daşary ýurtly alymlaryň, atşynaslaryň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bedewleriň şanyna aýdylan öwgüli sözleriň san-sajagy ýokdur. Türkmenler bolsa öz bedewlerine, bulardan başga-da, ynsan häsiýetlerini we gylyklaryny beripdirler, atlarda diňe bir tebigy hyjuwy däl-de, asyllylygy, mähirliligi, akyl-paýhasy we örän ýakymly häsiýeti görüpdirler, bu barada milli Liderimiz öz kitaplarynda ýazýar. Halkyň kalbynda bedew ynsan pikiriniň çeýeligi, ruhy erki hem-de okgunly geçýän wagt görnüşinde orun aldy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly şygar bilen geçýän 2019-njy ýylyň birinji güni şan-şöhraty dünýä dolan türkmen bedewleriniň hataryna ýene bir ahalteke atynyň goşulandygy — taýçanagyň doglandygy örän buýsançlydyr, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa Rowaç diýen ajaýyp ady goýdy.

Döwlet Baştutanymyzyň goşgy bagyş eden gün-günden boý alýan bu taýçanagy sungat işgärleriniň köpsanlysyna çeper, saz, edebi eserleri döretmäge ylham berdi.

Dünýäniň hiç künjeginde hem biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, bedewe şeýle belent sarpa goýulmaýar, halkymyz onuň bilen iň belent arzuw-hyýallary, dünýägaraýyşlary hem-de asylly maksatlary baglanyşdyrýar. Bularyň ählisi barada häzirki döwrüň, geçmişiň hem-de geljegiň nukdaýnazaryndan hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitabynda gürrüň berilýär. Bu eser şu ýyl çapdan çykdy hem-de ahalteke bedewiniň gözelligine, nepisligine, wepadarlygyna tebigatyň we ynsan zehininiň sazlaşygyna, zähmetsöýerlige bagyşlanan ýene bir ajaýyp kitapdyr.

Bedewler baradaky gürrüňi näçe uzaltsaň uzaldybermeli, sebäbi türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy, hemişelik alada we tagalla bilen gurşalyp alnan, buýsanjymyz hem-de söýgimiz bolan bedewler asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň iň bir ajaýyp hem adatdan daşary sarpa goýýan keşbine, agzybirligiň, döredijilik güýjüniň, kämilligiň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistan dünýäde iri atşynaslyk merkezine öwrüldi, bedewlerimiz hem-de çapyksuwarlarymyz bolsa halkara sergileriň, atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar.

Ahalteke bedewleriniň dünýäde şan-şöhratynyň artmagynda hem-de olaryň arassa tohumyny gorap saklamakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitirýän işleri uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bedew bady bilen öz ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanýar. Milli Liderimiz tutuş kalby bilen bedewlere halkymyzyň belent sarpasyny, mährini siňdirip, olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň sanyny artdyrmak hem-de olary wagyz etmek, atçylyk sungaty ýörelgeleriniň dowamatlylygyny saklamak we olary häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrmak işlerini döwlet syýasaty derejesine çykardy.

Bedew, ilkinji nobatda, tutanýerli we irginsiz zähmetiň miwesidir. Taýçanaklykdan başlap, ösüp-ulalyp öz gözelligi, syraty, çalasynlygy bilen uly ili haýrana goýýança, oňa köp zähmet we güýç, bilim-tejribe, zehin hem söýgi sarp edilýär. Türkmen halky netijeli zähmet çekmegi başarýar, ahalteke bedewleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy, hakykatda, nesilleriň we iň gowy däp-dessurlaryň, öçmejek gymmatlyklaryň nyşanydyr, bu gymmatlyklar bolsa milleti, onuň täsin medeniýetini, ruhy keşbini we akyl-paýhasyň, hoş niýetiň hem-de rowaçlygyň dabaralanmagyna üýtgewsiz ynamy kemala getirdi.

Halk seçgiçileri we seýisleri ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini döredip, bu behişdi bedewleriň arassa ganlylygyny saklap, olaryň gowy häsiýetlerini kemala getirmegi dowam edýärler.

Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgeleriniň esasy aýratynlygy türkmenleriň atlary eldekileşdirmän, olary sözüň doly manysynda terbiýeläp ýetişdirýänligidir. Tejribeli seýisler bedewiň agyr häsiýeti, ynjalyksyzlygy, gahar-gazaby, boýun egmezligi ýüze çykanda, onuň adam bilen gatnaşygynda ynamyň ýetmeýändigini alamatlandyrýandygyny aýdýarlar. Eger-de taýçanaga dogry terbiýe berilse, ol ynsanyň mähriban we wepaly dostuna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem hünärmenleri häzirki zaman usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini has işjeň ornaşdyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär. Emma, esasy zat, atşynaslyk ýörelgeleriniň dowamatlylygyny, onuň özenini saklap galmakdyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Bu däp-dessurlar asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, sanly tehnologiýalaryň häzirki döwründe ýaşlaryň şol ýörelgeleri mynasyp dowam etdirip, halkymyzyň taryhy ösüşini kesgitlän bu ajaýyp bedewlere yhlas-alada, mähir bilen garamaklary zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz agtyklaryna hem bedewe bolan söýgüsini geçirip, olara diňe bir bedewe erk etmegi öwretmek bilen çäklenmän, ideg etmegiň, seýislemegiň usullaryny hem öwredýär.

Edara jaýy Aşgabatda ýerleşýän, hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk edýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işleri netijesinde, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratynyň artdyrylmagyna ýardam edýär.

Dürli döwletlerden alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenleriň, tälimçileriň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän halkara sergiler hem-de maslahatlar, şeýle hem bedewleriň gözellik bäsleşikleri bu maksatlara hyzmat edýär, şeýle çäreler adatça Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp guralýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Şapolat bedewinde atçylyk toplumyň çäkleri boýunça gezim etdi. Ahalteke bedewleri ýaly ynsan bilen dil tapyşýan jandar ýokdur. Olar buýsançly häsiýeti bilen, şol bir wagtda hem özlerine tüýs ýürekden we söýgi bilen garalanda, eýesiniň buýruklaryny berjaý edýärler hem-de terbiýeleme ýeňil düşýär. Şol sebäpli hem ahalteke bedewleri atçylyk sportunda meşhurlyk gazanýarlar, olar kinofilmlerde surata düşürilýär we sirkde çykyş edýärler.

Türkmen halky ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly nakyllary we pähimleri aýawly saklap, biziň günlerimize çenli ýetirdi, bedewler ähli döwürlerde we ähli zamanlarda ata-babalarymyzyň beýik işlerinde wepaly kömekçiler bolupdyrlar we häzirki wagtda milli buýsanjymyza hem-de adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrüldi.

Biziň ylmy-tehniki ösüşe beslenen häzirki döwrümizde hem bedew bilen ynsan arasyndaky özara baglanyşygyň ähmiýetini ýitirmändigini bellemek gerek. Biz ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän okgunly özgertmeleri beýan etmek üçin eýýäm adata öwrülen «bedew bady bilen» diýen jümläni peýdalanýarys. Bu jümle halkymyzyň belent ruhuny we döwletimiziň, jemgyýetimiziň hem-de ykdysadyýetimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki belent ösüş depginlerini has dürs we aýdyň beýan edýär.

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar we kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we amatly ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine, goşunyň dürli kysymlary üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň işine öňdebaryjy tejribäniň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Bularyň hemmesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň esasy ugurlary bolup, olaryň netijeli bolmagy özygtyýarly, gurply, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklara ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkidýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllarynda-da nyşana ok atmak boýunça ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Milli Liderimiziň sporta ygrarlylygy, döwlet Baştutanymyzyň onuň dürli görnüşlerinde üstünlikleri gazanmagy ähli watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusga alarlyk görelde bolup durýar.

Ýurdumyzyň durmuş syýasatynda bedenterbiýä saglygy berkitmegiň we goramagyň has möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlara öz boş wagtlaryny has netijeli peýdalanmaga ýardam edip, beden kuwwatlygyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz belleýär.

Beden maşklary adamyň ruhuna, düşünjesine, ünsüne, huşuna oňyn täsir edip, şahsy häsiýetleriniň kemala gelmegine, has takygy, tutanýerliligiň, erk-islegiň, zähmetsöýerligiň ösmegine ýardam edip, işjeň durmuş ýörelgesini döretmäge ýol açýar. Häzir ýurdumyzda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, islendik adamyň talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrýan sportuň islendik görnüşini saýlap almaga üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Munuň özi her bir adama özüne ajaýyp beden gurluşyny saklamagyň usulyny tapmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, sport we bedenterbiýe — adamlaryň sagdyn bolmagynyň, mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, ösmegiň köpugurly guraly bolup durýarlar.

Biziň baş maksadymyz — halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmäge uly möçberde maýa goýulýar.

Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli okuw edaralarynyň hemmesiniň taslamalary oňat üpjün edilen sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny öz içine alýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy. Şol günleriň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ses ýazýan studiýada aýdym-saz bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň döreden täze sazyny dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady.

Saz işlenenden soň, has-da owazlandy hem-de täze röwüşe eýe boldy, onuň diňleýjiniň hoşuna geljekdigi gürrüňsizdir.

«Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynda hormatly Prezidentimiz saz sungatynyň ynsan ruhuna täsiri barada ýazdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada pikir ýöredip, halkymyzyň ruhy-taryhy tejribesine ýüzlenýär. Türkmen halkynyň sungatda özboluşly yz goýan tejribesine, döredijilikli pikirlenmegine we dünýägaraýşyna ýüzlenýär.

Ata-babalarymyz aýdym-sazda terbiýe serişdesini görüpdirler. Çünki owaz we sazlaşyk ýaş nesliň kalbyna has çuň aralaşýar. Şonuň üçin halypa-şägirt mekdebi, onuň däpleri türkmen saz medeniýetinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Ýeri gelende aýtsak, mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerim sazçylyk mekdebini tamamlap, saz sungaty boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowadan tälim aldy. Ussat sazanda, köpleriň halypasy Kerime saz sungatynyň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwretdi.

Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimiň ýetginjek ýyllaryndan başlap, saz sungaty bilen meşgullanyp, atasynyň göreldesine eýerip, saz sungatynda birnäçe eserleri döredendigi hemmelere mälimdir. Halypa sazandanyň tälimini birkemsiz ele alan Kerim bu gün bolsa «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze eserini döredip, ony, ilki bilen, atasyna diňletdi. Agtygynyň täze döreden saz eseriniň ilkinji diňleýjisi bolan hormatly Prezidentimiz Kerimiň sungat ýoluna guwandy.

Döwlet Baştutanymyz täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp, hiňlenip gördi.

Milli Liderimiz bu eser barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompozitorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu baradaky isleg-arzuwlaryny aýtsalar, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Şeýlelikde, hödürlenilýän teklipler esasynda mynasyp goşgy setirleri bilen sazlaşygy emele getirmek arkaly döredilen aýdymyň ýerine ýetirijilik babatda gowudan-gowusy seçilip alnar. Täze eseri döreden döredijilik işgäri bolsa sylaga mynasyp bolar.

Şeýle hem dynç alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda dowamly menzil aşdy.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde, çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp, hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy.

Gijelerine we gündizlerine sähranyň ajaýyp bolşy ýaly, onuň geçmesi kyn bolan ýerlerine hem duş gelmek bolýar. Şol ýerler ürgün çägeler, duýdansyz çykýan alaňlar hem-de beýleki böwetleri öz içine alýar. Awtomobil sporty diňe amaly tejribäni däl-de, eýsem, nazaryýet nukdaýnazaryndan taýýarlygy hem talap edýär. Bu bolsa sürüjiniň dürli taraplaýyn hünäriniň möhüm bölegi, ulagy dolandyrmak boýunça ondan diňe başarnyklary däl-de, eýsem, taktiki pikirlenmegiň belli bir endiklerini talap edýär. Çünki ýokary tizligiň barşynda köp ýagdaýlary nazara almak, töwerekdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul etmek hem-de çylşyrymly ýoly dowam etmegiň takyk usulyny tapmak gerek bolýar.

Milli Liderimiziň sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, çölüň giňişlikleri bilen okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda gündogar tarapdan şapak gyzaryp başlady. Ol sähra giňişligini we onuň içi bilen okdurylyp barýan ulagyň ýoluny ýagtylandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda üstünlikli geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi tutuş dünýäniň awtomobil sportunyň ussatlarynyň ünsüni özüne çekdi hem-de geljekde taslamany dünýäniň derejeli ýaryşlarynyň tapgyryna goşmak boýunça oňat mümkinçiliklere eýe bolup durýar.

Muňa bolsa ýaryş ýolunyň agramly böleginiň Garagumuň içinden geçýändigi ýardam etdi. Dünýäniň uly çölleriniň biri bolmak bilen, ol tebigaty goramagyň nusgalyk görnüşi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, hut ekologiýa «Amul — Hazar 2018» ýaryşlarynyň esasy aýratynlygyna öwrüldi, ýagny ýaryşlaryň Garagumuň ekoulgamyna zeper ýetirmezligi üçin çäreler toplumy üpjün edildi.

Garagum sährasy adamzat tarapyndan özleşdirilmeýär diýip bolmaz. Emma ol işleriň nähili amala aşyrylýandygy eýýäm ekologiýa işiniň nusga alarlyk mysaly bolup hasaplanylýar. Muňa mysal hökmünde sähranyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagyny görkezmek bolar.

Daşky gurşawy goramak, tebigaty tehnogen täsirden goramak tutuş adamzat üçin möhüm wezipe bolup durýar. Biziň ýurdumyzda hem bu meselelere uly üns berilýär. Türkmenistan bu ulgamda BMG-niň esasy konwensiýalaryny tassyklady. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.

Suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürlüligi aýawly saklamak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, daş-töweregi bagy-bossanlyga büremek meseleleri geljekde hem döwletiň üns merkezinde durar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sport döwletiň diňe içeri däl-de, eýsem, daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanda geçirilýän iri halkara ýaryşlary, şol sanda «Amul — Hazar» eko-ralli döwletimiziň halkara abraýyny berkitmekde uly orun eýeleýär. Olar syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmäge, syýahatçylary çekmäge mümkinçilik döredýär.

Bularyň hemmesi, elbetde, döwletiň abraýyna hyzmat edip, ony halkara bileleşigi üçin has-da özüne çekiji we täsirli edip görkezýär. Şonuň üçin sport diplomatiýasy dünýä giňişliginde Türkmenistanyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu pursatda milli Liderimiz kuwwatly sport awtoulagy bilen sähra giňişligi arkaly menzil aşyp barşyna agtygy Kerimiň täze döreden sazyny diňledi. «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze saz eseri özüniň jadyly owazy bilen ylhamyňy joşdurýar. Belent ruha beslenen ýakymly saz sähra giňişliginde Türkmenistanyň ösüşe tarap batly gadamlaryny, Watana bolan söýgini hem-de halkymyzyň öz Prezidenti bilen bir bitewüligini aňladýan sena bolup ýaňlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, Gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagum ýalkymy» diýen ýere geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.

Bu ýer diňe dünýäniň köp sanly syýahatçylarynyň däl-de, eýsem, bu ugurda iş alyp barýan köp sanly alymlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Garagum ýalkymy» atly täsin künjek ylmy taýdan öwrenilmeli we manysy açylyp geljek nesillere ýetirilmeli täsinlikdir. Çünki bu özboluşly künjek Garagumuň jümmüşinde ýerleşip, ol türkmen güneşini, halkymyzyň kalbynyň ýylysyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Merkezi Garagum sähra we çöllük ekoulgamlaryny, tebigatyň kanunlaryny öwrenmek üçin landşaft, zoologiýa, botaniki, hojalyk, ekologiýa barlaglaryny geçirmek babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy baýlyklaryň biri bolup durýar.

Bu ýerde, dürli ýurtlaryň, sebitleriň we siwilizasiýalaryň ýaşaýjylarynyň duşuşan we özara gatnaşan ýeriniň — Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugurlarynda sährany kesip geçýän hem-de yklymüsti ýollaryň halkalary bolup hyzmat edýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan täze ýollar gurulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşigine zerur bolan anyk taslamalaryň, şol sanda täze halkara ulag ýollarynyň — awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny döretmegiň başyny başlaýar. Dünýä taryhy döwletleriň özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ýörände, diňe olaryň halklarynyň bähbit gazanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly çemeleşme hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hem-de adamzadyň geljegi üçin belent jogapkärçilige esaslanýan syýasatynda öz beýanyny tapýar.

 

TDH

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article19037&cat19

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.