Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYK — BAKY ÝÖRELGÄMIZ

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde bölümçele­riň ara­syn­da «Sag­dyn be­den­de — sagdyn ruh» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Onda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde uly leýtenant Ýakup Akmyradowyň «Rowaç» topary 1-nji, kapitan Kakajan Hümmetjiýewiň «Watançy» topary 2-nji, kapitan Ahmet Welmammedowyň «Topçular» topary 3-nji orunlara mynasyp bolup, harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we Kärdeşler arkalaşygynyň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Şatlyk ÖWLÜÝAGULYÝEW,

maýor.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.