Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÖRÜMIŇ BEZEGI — TÜRKMEN KEÇESI

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry ýurdumyzyň Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde geçirildi.

Iki günläp dowam eden bäsleşigiň birinji güni myhmanlar ir säher bilen Sakarçäge etrabyna geldiler. Etrabyň gözel künjeginde, giň ýaýlada ak öýler dikilip, agyllar gurnalyp, hakyky çarwa durmuşyny açyp görkezýän türkmeniň gadymy küren obasynyň keşbi döredilipdir. Bu ýerde bäsleşigiň birinji şertine görä, goýnuň gyrkylyşy, ýü­ňüň saýlanylyşy, saýylyşy, daralyşy, boýalyşy, pişge taýýarlanylyşy, keçäniň güllenilişi, basmak, bişirmek işleri, gamşyň dokalyşy ýaly täsinden täsirli, özüne çekiji işler giň­den açylyp görkezildi. Guralan çärelerden soň, myhmanlar Mary şäherindäki welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine we welaýat kitaphanasyna baryp gördüler. Olar muzeýde bolmaklarynyň çäklerinde gadymy milli medeni mirasymyz, senetçiligimiz, keçelerdir halylaryň gadymy nusgalary we beýleki milli gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Bäsleşigiň ikinji güni oňa gatnaşýan çeper elli zenanlar welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gözel binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda jemlendiler. Bu ýeri aň­rybaş derejede toý görnüşinde bezelipdir. Meýdançada ýaýbaň­landyrylan el işleriniň sergileri, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserlerimiz bäsleşige tomaşa etmäge gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Bagşylaryň joşgunly çykyşy, milli we döwrebap tanslar märekä hezil berdi. Medeni çykyşlardan soň «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna badalga berildi. Oňa şu bäsleşigiň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýe­ňiş gazanan eli çeper zenanlar toparlary gatnaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň döwlet derejesinde geçirilen jemleýji tapgyry adatdakylardan has tapawutly, has göwün göteriji, şüweleň­li boldy. Çünki bu ýylky bäsleşige di­ňe bir keçe güllemek däl, eýsem, halyçylyk sungaty bilen baglanyşykly şertleri­ňem goşulmagy onuň täsirliligini artdyrdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýü­ňi saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, ýüň­den pişge taýýarlamak, keçäniň gamşyny dokamak, güllemek, basmak hem-de haly dokamakda ýerine ýetirilýän inçeden nepis işleri görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Türkmen halkynyň öý-ojaklarynyň törüniň bezegine öwrülen türkmen keçeleridir halylarynyň milliligini we owadanlygyny ýitirmän, häzirki döwre getiren gelin-gyzlar özleriniň bu ugurda toplan baý tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny we döredijiliklerini giň­den açyp görkezdiler. Şeýle-de, keçe we keçe önümleri bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, gyzykly rowaýatlary öz içine alýan gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde zenan dünýäsine mahsus el işlerinden, owadan nagyşly keçelerden, haly we haly önümlerinden guralan sergi hem dabara özboluşly bezeg berdi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Mary we Balkan welaýatlarynyň toparlary 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň toparlary 2-nji orna, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň toparlary hem 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Gyzykly we ýokary ruhubelentlikde geçen bu bäsleşikde toparlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Geçirilen medeni çäre mynasybetli, Hoja Ýusup Hemedany metjidinde toý sadakasy berildi. Onda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.

 

(Öz habarçymyz).

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.