Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Ýaş ýol gözegçileriniň bäsleşigi

Hazar şäherindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Ýaş ýol gözegçileri» atly bäsleşik geçirildi. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, olar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige şol ýerde dynç alýan körpeler toparlaýyn gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden toparlaryň ýolbaşçylary ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň borçlary, ýolyşygyň we ýolbelgileriniň düzgünleriniň kompýuter arkaly düşündirilişi barada aýtdylar. Soňra körpeler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenişlerini dürli oýunlaryň üsti bilen beýan etdiler. «Nyzamly hatar bäsleşigi» şertinde toparlar doly düzümde çykyş etdiler. Topar serkerdesiniň gürleýiş äheňinde öz toparyna buýruk bermekde, öwrüm etmekde, durmakda, hasap boýunça saklamakda, hatara düzülmekde, nyzamly ädimler bilen ýöräp barýarka aýdym aýtmakda güýç synanyşdylar. «Ýolyşygyň wagyz toparynyň bäsleşigi» şertinde toparlar ýolyşygyň wagyz topary hökmünde çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýol hereketiniň ýaş gözegçileriniň işini çeper sözlerde beýan etdiler. «Geljekki sürüji we hereketi sazlaýjy» şertinde ýol hereketiniň kadalary baradaky sowallara jogap bermekde bäsleşdiler. Toparyň biri çatrykda durup, hereketi sazlady we beýlekiler hem pyýadalar we ulaglar bolup çykyş etdiler. Jemleýji «Ýaş tigirçi» şertinde her topardan biri ýörite çyzylan aýlawyň içinde tigir sürmekde hem-de tagtanyň üstünden geç­mekde bäsleşdiler.

Netijede, «Deňizçi» topary birinji, «Nebitçi» topary ikinji, «Eşret» topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara we oňa gatnaşanlaryň hemmesine Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ejeş Guwanjowa.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.