Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ SERESI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bütin dünýäde ynsan saglygyny ähli zatdan belentde tutýan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda amala aşyrylýan işlerde hem görmek bolýar. Her ýyl ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän saglyk desgalary, sport toplumlary, dürli seýilgähler ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyna şaýatlyk edýär.

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz ekologiýa arassalygy babatda oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Mähriban Watanymyzyň keşbine ýaraşyk berýän tebigatymyzyň ekologiýa taýdan arassalygy, şäherlerde we oba ýerlerinde gök zolaklaryň döredilýändigi, güneşli Diýarymyzda al-elwan güllere bürenip oturan seýilgählerdir seýilbaglaryň sanynyň artmagy hem ynsan saglygy baradaky aladadan nyşandyr.

Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda saglyk ulgamyna degişli binalaryň sanynyň gün-günden artmagy ildeşlerimiziň baş saglygy, nesillerimiziň sagdynlygy baradaky üns-aladanyň barha rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Paýtagtymyz bilen deň derejede welaýatlarymyzda, etraplarda hem saglyk öý­leriniň, «Tiz kömek» we anyklaýyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi ýerli ýaşaýjylaryň gysga wagtda gerekli lukmançylyk kömegini almagyna mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň wagtynda sagalyp gitmegine we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez enelere we çagalara ýöriteleşdirilen ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermekde aýratyn tapawutlanýar. Bu bolsa eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýynyň üns merkezinde saklanýandygyndan habar berýär. Täze dünýä inen çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň näderejede peý­dalydygy barada köp aýdylýar. Täze dünýä inen körpäniň bedeni ene süýdüni aňsat özleşdirýär. Bu bolsa çaganyň sagdyn ösmegine we akyl taýdan, hereket babatda işjeň bolmagyna getirýär.

Biz kärdeşler arkalaşygymyzyň agzalaryna, esasan hem, ýaş çatynjalara ene süýdüniň çaganyň ýaşajyk bedenine gerekli witaminleriň wagtly-wagtynda barmagyna oňyn täsir edýändigini häli-şindi düşündirýäris. Hormatly Prezidentimiziň milli sporty, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlaryny özgertmekde durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işlerini açyp görkezýän wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary geçirip durýarys. Yzygider guralýan sport bäsleşikleri ýaşlaryň sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesini artdyrýar. Olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine endik etmegine giň ýol açýar. Munuň özi sagdyn nesliň kemala gelmegine we maşgalanyň bagtyýarlygyna badalga berýär.

Il-ulsumyzyň asuda hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Maýa POTYÝEWA,

Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.