Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«SENET - ELIŇ ALTYN BILEZIGI» ATLY SERGI WE WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ata-babalarymyzdan miras galan halk senetçiliginiň, sungatyň gymmatyny ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Senet - eliň altyn bilezigi» atly sergi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresini TKAMM-yň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa açyp, onda Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy, kümüş saçly ene Ogulnabat Owlakowa, “Nesil” gazetiniň bölüm müdiri Ogulbagt Jumaýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň esasy hünärmeni Maral Amanjaýewa we Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.